| Bugday |
Adamzat guwanjy, kuwwaty güýji, Barça ynsanlaryň sen, jany bugdaý; Ajygyp iýeňde şekerden süýji, Senden bişirerlee ýarmany, bugdaý. Şähtiň açar, gelse bugdaý oragy, Sypaly samandyr, - malyň höregi, Janyňa jan goşar iýseň çöregi, Açlyk derdiniň sen dermany bugdaý. Duluňda bar wagty hiç gamyň bolmaz, Mundan ýagşy ekin emele gelmez, Günde ýüz ýola iý, hiç aşa salmaz, Sen bolsaň neýläýin hurmany, bugdaý. Barçany saklajak kadyr Alladyr, Galyberse bugdaý diýlen galladyr., Ady ýedi yklyma – dünýä bellidir, Allanyň buýrugy, permany bugdaý. Tagamda hiç tagam deňiňe gelmez Bahaň pese düşüp, gymmatyň ýatmaz, Jöwen, arpa seniň ornuňy tutmaz, Ak, gök ekinleriň soltany bugdaý. Tapylmasa ýyla döner her günüň, Et-ýag bilen asla dokunmaz göwün, Duluň doly bolsa, hiç bolmaz müýniň, Dänäňden doldursam haltany, bugdaý. Şahyr baýly aşyk saňa ölinçä, Tenden Taňry amanadyn alynça, Harman ötüp, ýene harman gelinçä, Seň üçin çeker men armany bugdaý.
|