Myhman Depderçämiz

Facebookda paýlaş

Eser gözle

SOPULAR
Berilen Baha    (0 baha)
Näçe gezek okaldy? 296
Halanlaryň Sany 28


Uşbu eýýäm içre ýokdan bar bolgan sopular,

Sopulykny terk edip, näkär bolgan sopular,

Dinni sust eýläp, yamanga ýar bolgan sopular,

Bimaza, bigaýrat u bizar bolgan sopular,

Lukmaýy bişübhe iýip, betkär bolgan sopular.


Nefes üçin dymman yügürip, gije-gündiz, mah-u sal,

Çün talap eýläp jahanda ýyyrarlar munça mal,

Saýlamazlar lukman haýsy haram, haýsy halal,

Sorsa bilmezler nedir kim ylm-y kal u ylm-y hal,

Iýgen içgen kuty zehr-i mar bolgan sopular.

 

Gijeler tagat çekip, dökmez gözünden ýyny,

Halk resmi(adaty) şeýle diýp, kybla goýarlar başyny,

Hoş görer gar nyn geberdip, iýse nan u aşyny,

Bu sypatly sopularga siz beriňler daşyny,

Tanla dovzah oduna derkar bolgan sopular.

 

Sopulyk şerti şerigat tagat, ybadat eýlemek,

Bir musulman patyşaga hem etagat eýlemek,

Her ne bergen ryzk-y ruzyna kanagat eýlemek,

Bendelikni dembe-dem sagatba-sagat eýlemek,

Rast mydyr, aýd, eý kaffar bolgan sopular.

 

Bu niçik zalymlandyr, halk era(arasynda) sopy siýak(göýä),

Kalby gazan dek garadyr, başlarynda selle ak,

İşleri nedide söwdadyr, sofu dava-ýy hak,

Bir derhem üçin ant içerge barçası ba iştiýak,

Mekir ilmin mask edip, mekgar bolgan sopular.

 

Lezzet-i rah-y şerigat, şert-i iman kaysydyr?

Mü'müne bir demde iki rahat-y jan kaýsydyr?

Nefg neýdir any bilmezler ki nogsan kaysydyr?

Nefe(bähbit) üçin neý hup bilerler, aş ile nan kaýsydyr?

Kaýda aş-y murda diýp, taýýar bolan sopular.

 

Gayrat et janyň üçin, kim gaýryga minnet nedir,

Bil, amal kyl parz nedir, vajyp nedir, sünnet nedir,

Dahyl-y dowzah nedir, kim wasyl-y jennet nedir,

Akyl ersen pähm kyl, işbu süjük yllat nedir,

Mata yhlas edip, bimar bolgan sopular.

 

Sopy men diyip gaýrat etmez öz işige aýlanyp,

Sergini(şerigaty) mekem tutup, düşmez bu yolga saýlanyp,

Dinini berbat eder, ol dün'ýe işin oýlanyp,

Ýagşylarga hemneşin olmaz ýamandan saylanıp,

Taňry bilmezler bilen dildar bolan sopular.

 

Birniçe zalym söýer bu pany dünýe eşretin,

Her tarapdan getirip, iýiler kamug adam etin,

Lukmaýy başübheçe görmez danat lezzetin,

Halk era egsik tutarlar ehl-i selle yzzatyn,

Bu zamana ahyrynda har bolgan sopular.

 

Bendelik berjaý kyl, hak ýady birle ruz u şep,

Zikrim tehkir edip, diýmek ne hajat munça gep,

Mugtabardyr parzy-wajyp, sünneti hem mustahap,

Muttaki, ehl-i mubahdan içtinap etmek edep,

Lezzet-i dünýe bulup, bidar bolgan sopular.

 

Ey biradarlar, meni siz sopy diýp kylmaň güman,

Bakesapat gul menem, barça ýamanlardan ýaman,

genimdir zehr-i katyl, içgenim göýä ki gan,

Halk era bar my menin dek hiç rysva-ýy jahan,

Hup imes isýan edip, ikrar bolgan sopular.

 

Ýazgaly sopy sypatyn, ernr boldu ol pirden,

Magdan-y ylm u çyrag-y rehnema destgirden,

Mur-y bagayrat ki bihdir gayraty yok şirden,

Gaýrat u hümmet bilen "hüw" diýp gopuldar irden,

İntizara aşyk-y didar bolgan sopular.

 

Keski Şeýdaýy diýr, men görgili ýarylsa ýer,

Uçgaly gökde meger, cismimde peýda bolsa per,

Magset derýasyna boldum garyk-y paý ser.

Ugrady nefs-i belany hars-y dünýege elhezer,-

Ybrat alsyn nefsinden bizar bolgan sopular.
Ýeri : klassiklerimiz, Şeýdaýy
Şu eseri başga bir websaýtda satita et Haladym Print Et Dostyňa Iber
 

Syn ýaz


Kod
Silkele