| TANYMAZ |
Asly beg bolmaýan çyksa şikere(awa), Gargaýa guş salar, bazm tanymaz, Eýem(hudaý) döwlet berse bir näbikäre, Tekepbirlik eýlär, özün tanymaz.
Goç ýiğit öňünde dursa ýasawlar, At salyp her ýana bir ýanyn awlar, Göýä algyr laçyn guw gazyn awlar, Ördeğin, sonasyn, gazyn tanymaz.
Myhmany görende öýünden gaçar, Kimse bilmez, ýerin teýinden gaçar, Ýary diýip wehim edip, hüýünden gaçar, Ol ýağynyň köpün, azyn tanymaz,
Şeýdaýy diýr ýaman bile baş goşma, Aýan eýläp, ýene syryn geňeşme, Söweş güni ýaman bile ýoldaşma, Muhannesdir, gaçar, yzyn tanymaz.
|