Myhman Depderçämiz

Facebookda paýlaş

Eser gözle

ÝÖR BILE
Berilen Baha    (0 baha)
Näçe gezek okaldy? 243
Halanlaryň Sany 27


Arzuw çekip dost jemalyn görmäge,

Ýöre göwnüm, ýoldaş bolsaň ýör bile,

Yşk bilen baş goşan mähnet daşyna,

Jepa çekip, dost jemalyn gör bile.


Temena dagyndan öte bilmenem,

Edep seriştesin tuta bilmenem,

Ýolum uzak ýara ýete bilmenem,

Ganatym ýok, uçup bilmen per bile.

 

Gapyl adam garalary ak biler,

Akylly adam bar özüni ýok biler,

Çyn aşyk men, hyzmatymy hak biler,

Haýr islärem, işim yokdur şer bile.

 

Bende Şeýdaýy diýr sinäm daglydyr,

Ahyret zamana bilim bağlıdır,

Asly hekden önen adam ogludyr,

Gelen geçer, ýegsan bolar ýer bile.


Ýeri : klassiklerimiz, Şeýdaýy
Şu eseri başga bir websaýtda satita et Haladym Print Et Dostyňa Iber
 

Syn ýaz


Kod
Silkele