Myhman Depderçämiz

Facebookda paýlaş

Eser gözle

Uruş gidip otyrdy...
Berilen Baha    (0 baha)
Näçe gezek okaldy? 482
Halanlaryň Sany 34

 Uruş gidip otyrdy
Günbatar sary,
Ýigidiň yzynda galdy
Söýgüli ýary.

Şol köpeldi oturdy
Ýüzde ýygyrdy. 
Gündiz ak ekin ordy,
Gije egirdi.

Kuwwat berdi gahryman
Ýary biline.
Birjik şübhe etmedi
Diriligine.

“Diri!” diýdi ýatanda,
Turanda: “Diri!”
“Ýok, indi gelmez” diýdi
Näkesiň biri,
Şonda-da, diýdi gelin:
“Diridir diri!..”

Goradymy yhlasy
Ýa-da dilegi.
Ýary agyr söweşden
Dolandy geldi.

Goňşy-golam sowulyp,
Galyp ikiçäk,
Ýumşak düşek ýazyldy
Üstüne keçäň.

Ýigit şonda sözledi
Daňdana çenli,
Dört ýyllap ýow gününde
Başdan geçenni.

Sözledi ol teninden
Akan ganyndan.
Gaýdanyny ölümiň
Bäri ýanyndan.

Bendilige, horluga
Döz geleninden.
Mauthauzeniň 
Şum düzgüninden.

Ýarynyň hor egnine
Goýdy-da elin,
Sessiz-üýnsüz aglady,
Towlandy gelin.

Ol ynanyp bilmedi
Meýmiräp ine, 
Ýanda diri ýatanyň
Diriligine.


Ýeri : sowet edebiyat, Gurbannazar Eziz
Şu eseri başga bir websaýtda satita et Haladym Print Et Dostyňa Iber
 

Synlar 

 
#1 Hazir bular yaly ajap gosgy yazyam az-az. Gosgy gaty gowy soz yokToyly Myratgeldiyew 2010-08-29 19:06
8)
Satita
 

Syn ýaz


Kod
Silkele