| Aýakda gabarçak, maňlaýynda der |
Aýakda gabarçak, maňlaýynda der, Dört ýyl geçenden soň dolandy esger. Obanyň gaşyna geldi, oturdy, Çilimini müşdügine ötürdi. Howlukman otlady. Howlukman sordy. Häzir ajy çilim lukmandan zordy. Obadyr arada ýeke menzil ýok, Esger obasyna syn etdi uzak. Çilimi gutardy. Otlandy ýene. Gyşardy ýaşajyk otuň üstüne. Aňyda ak tamlar, ak öýler üste Galýardy ýylan deý goýy ak tüsse. Ýylyň bahar pasly, gün öýle wagty, Ýigdi uçurýardy duşuşyk bagty, Esgeriň akyly ýetýärdi oňat; Oba ýetse oňky sylagdyr hormat. Uly toý tutulyp, goýun soýular, Dünýede iň oňat sözler diýiler. Şeýdip, günler geçer, başgasy geler, Bagta, güzerana endik ediler. Ýöne häzir geň-taň humar bolup ser, Obasyna bakyp ýatyrdy esger. Obasyna bakyp, ýatyrdy häli, Bagtyny azajyk uzaldýan ýaly.
|