| Sen ony kyrk birde ýolladyň beýläk.. |
Sen ony kyrk birde ýolladyň beýläk, Ähli ýol-ýodalaň barýan ýerine. Kyrk üçde birdenkä ýykyldy ogluň, Seniň bilen duşuşmagyň ýerine. Ol kyrk üçden turup gaýtmak isledi, Seniň çal başyňy sypamak üçin. Ýolagçy otly ýok, komandirowka ýok. Kyn… Bagry bilen süýşüp geljegem boldy. Nätjek, şol kyrk üçden sypyp bolanok.. Sen ogluňdan gaty görme, ene jan, Gelip bilenok.
|