| Barsam Ynanmaz |
Iş salyşdym bir biwepa ýar bilen, Ýarym diýip, ýanyna barsam ynanmaz Süýekden syzdyryp ygtybar bilen, Oda düşsem, bişsem, ýansam ynanmaz,
Leýli-Mejnun kimin çöllere çyksam, Arzy — Ganbar deýin derýada aksam, Perhat — Şirin deýin daglary ýyksam, Daşlaryň teýinde galsam, ynanmaz.
Gör, ne işler etdi Wamyku — Uzra, Saýathan diýp goýdy ýaryny Hemra, Depderde ýazylan Ýusup-Züleýha, Olaryň hemrasy 'bolsam, ynanmaz.
Garyp bolup, Halap-Şirwana gaçsam, Ýarym Şasenem diýp, örtenip-bişsem,. Şolar kimin ýedi ýylda gowuşsam, Yzynda sargaryp-solsam, ynanmaz.
Kemine diýr, arzym ýara ýetirsem, Köňlumdäki syrym tile getirsem, Iýmesem, içmesem, gözläp otursam, Ajyksam, suwsasam, ölsem, ynanmaz.
|