Myhman Depderçämiz

Facebookda paýlaş

Eser gözle

Bilebilmedim
Berilen Baha    (0 baha)
Näçe gezek okaldy? 353
Halanlaryň Sany 42

 

Seç gyza  aşyk men, gorkaram senden,

Göwnüňde ne baryn bilebilmedim;

Yşk ody ýamandyr aýp etmäň menden,

Seniň bilen  hemdem  bolabilmedim.

 

Dagdan belent aşyklygyň hummeti,

Ýar diýip ýanmasyn resul ummaty,

Bahalatsam — bäş müň tümen gymmati,

Sende bir nar gördum, alabilmedim.

 

Aklym diwanadyr yşkyň elinden,

Mährim hiç ganmady gyzdan, gelinden,

Rakybyň derdinden, iliň tilinden,

Gaýgysyz gapyňdan gelebilmedim.

 

Ýigidiň söwdügi bolsa mähriban,

Bir gujagna girseň, ýok sende arman,

Kemine diýr,  ýakdyň  meni, 

Gülustan. Bialaç, derdiňden ölebilmedim.

 

 


Ýeri : klassiklerimiz, Kemine
Şu eseri başga bir websaýtda satita et Haladym Print Et Dostyňa Iber
 

Syn ýaz


Kod
Silkele