Myhman Depderçämiz

Facebookda paýlaş

Eser gözle

“Ahat bilen Muhat”
Berilen Baha    (0 baha)
Näçe gezek okaldy? 495
Halanlaryň Sany 35

- Başdaşym Aýjemalym

Şeýle bir owadandy.
“Sen owadan däl” diýip,
Alyp gitdi goşuny.
Ikinjim Akjemalym
Çalasowat, nadandy,
Çatyp bilmän geçirdi
Iki sözüň başyny…
Üçünjim Güljemalym
Baryp ýatan tekepbir,
Iki agyz geplesem
Çytyp otyr gaşyny.

Ber maňa bir maslahat,
Indi nädeýin, Ahat?

- Başdaşyň Aýjemalyň
Şeýle bir görmegeýdi,
Gije-gündiz gabanyp, 
Oýun saldyň başyna.
Ikinjiň Akjemalyň
Şeýle bir ýönekeýdi,
Sen ony akmak saýyp,
Öňne atdyň goşuny.

Üçünjiň Güljemalyň
Tekepbir däl, akylly,
Her samsyk gep aýdaňda,
Düýrükdirýär gaşyny.

Menden saňa maslahat:
Azyrak ýaňra, Muhat!

 


Ýeri : sowet edebiyat, Kerim Gurbannepes
Şu eseri başga bir websaýtda satita et Haladym Print Et Dostyňa Iber
 

Syn ýaz


Kod
Silkele