| Berilen Baha |
(0 baha) |
|
|
|
|
|
Howlymyň içinde bir bölek ýere
Gül ekdim. Lowurdap açyldy bary. Birisi gyrmyzy, birisi gara, Birisi mämişi, birisi sary. Şu gün gapymyzdan geldi bir myhman, Geleni bäri hem gözleri gülde. Şol seredip otyr gözlerin gyrpman, Göýäki diýersiň, bir suwsyz çölde Bütün ömürboýy zar bolup güle, Doldurýan ýalydyr şonuň öwezin. Myhmanym seredýär “Gijegözele”, Myhmana seredýär “Gijegözelim” Owadan gözlerin ertirden bäri Aýryp bilmän otyr owadan pelden. Goşgy goşmasa-da, tüýs şahyr boldy – Bir pursat sowaýsa gözlerin gülden, Göýä güller göçüp ötäýjek ýaly, Bakýardy güllere gezek-gezegne. Bakýardy “Nerkese”, gyzyl “Piona”, Bakýar “Georgine”, “Gijegözelne”. Men güle-de aşyk. Güli söýýänleň Özüne-de aşyk. Hem güle bakýan Hem myhmana bakýan. Güller hakynda Bir ajaýyp pikir Aýdar ol hökman. Edil diýşim ýaly. Içdi-de çaýyn, Sözledi gül hakda ajap bir beýdi – “Beýdip munça ýeri zaýalap nätjek Pomidor ekäýseň bolmaýamy!..” diýdi. :)))))
|
Synlar