| Berilen Baha |
(0 baha) |
|
|
|
|
|
Seniň gözleriňden ganyp bilemok
Megerem, bu dertden eräp giderin Gijeler gözüme uky gelenok, Göz ýaşym gutaryp gurap giderin Öwlýa sen. Daşyňdan pyrlanyp ýörün. Kowsaň-da, maslygmy süýräp giderin Ähdi-peýman diýmek – iman diýmekdir, Ähdiňden dänäýseň niräk giderin? Adyň dilde bolsa – bahylyň-da köp, Dilde men, niçiksi gaýrak giderin? Ýok, ýok, maňa ýatdyr gaýra diýen zat Gitse-de ilerik köräp giderin. Seni iki dünýä çalyşmaryn men, Egnimi egniňe diräp giderin. Birden öläýsem-de, Seň ysyň alsam – Ýene-de direlip, ýöräp giderin. Adam iki gezek inermiş dünýä. Çynmyka! Jogabyn durlap giderin. Ýeke gezek bolsa, menem boş gitsem – Dünýäden çaga dek çyrlap giderin. Sen ähdiňde dursaň şahyram durar. Seni müň beladan gorap giderin. Bürgüde duşduňmy – bürgüt hem bolgun! Serçä dönäýdigiň – pyrlap giderin!
|