| Berilen Baha |
(0 baha) |
|
|
|
|
|
Bir okyjy buhgalteryň goşgyň üsti bilen K.Gurbannepesowa beren soraglaryna şahyrymyzyň jogaby. -Ol nämedir şol bolmasa gülki ýok? Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr Ol nämedir görki barda reňki ýok? Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr! -Agzybirlik – şo bolmasa gülki ýok Başarşymça jogap bermek borjumdyr Ol mähirdir, görki barda reňki ýok Aňlaýşymça jogap bermek borjumdyr. -Ol kim bolar ynsanlaryň belendi, Belentligi wah gijiräk bilindi? Ol nämedir bir söz bilen bulandyr? Şahyr bolsaň jogap tapmak burjuňdyr -Ol enedir ynsanlaryň belendi (Belentligi wah gijiräk bilindi) Ol ýürekdir bir söz bilen bulandy Başarşymça jogap bermek borjumdyr -Ol nämedir ömürbaky ölme ýok? Ol nämedir hemmesini bilme ýok? Ol nämedir dili barda kelle ýok? Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr -Ol abraýdyr ömürbaky ölme ýok Ol ylymdyr hemmesini bilme ýok Ol serhoşdyr dili barda kelle ýok Başarşymça jogap bermek borjumdyr. -Ol kim bolar içi doly garaňky Käte daşynada çykkar reňki? Ol kim bolar hem özgäňki hem seňki? Şahyr bolsaň şondan bize habar ber! -Ol göripdir, içi doly garaňky, Käte daşynada çykar reňki Ol gyzyňdyr hem özgäňki hem seňki Oýlanşymça jogap bermek borjumdyr -Ol ne myhman gonup geçer bir gezek Onsoň gelmez çagyrsaň-da müň gezek? Kim ol däli oňa diňe sen gerek? Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr -Ol ömürdir gonup geçer bir gezek Onsoň gelmez çagyrsaň-da müň gezek Ol aşykdyr - oňa diňe sen gerek Aňlaýşymça jogap bermek borjumdyr -Ol näme Taňryň hem dilinde sena? O näme kast etseň ýumurlar dünýä? O ne iş dünýäde iň elhenç günä Aşyk bolsaň jogap tapmak borjuňdyr! -Ol Söýgi Taňryň hem dilinde sena Söýýäne kast etseň ýumurlar dünýä Söýgä böwet bolmak iň elhenç günä Öwrenşimçe jogap bermek borjumdyr! -Bir gyzyň yşkynda örtenip oda Söýeniňiz çynmy? Ýalanmy ýa-da? Şoňa meňzeş gyz duşdumy ýene? Şahyr bolsaň jogap bermek borjuňdyr! -Murgapda duşupdym gara gözüne Lebapda duşupdym güler ýüzüne Kaspida sataşdym täsin näzine Paýtagtda sataşdym körpe gyzyna Emma bir göwrede tutuş özüni Sataşmanym habar bermek borjumdyr! -Iň soňky haýyşym etseňiz gaýrat Erbet zat köpmikä ýa-da ýagşy zat? Şu sowaly çözmek düşenok aňsat Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr! -Sowal sizden bolsun bizdenem gaýrat Köpdi, köpdür erbet zatdan ýagşy zat Ýogsa dünýä birçak bolardy berbat Ynanşymça jogap bermek borjumdyr -Şahyrym bereýin ýene bir sowal Dünýäde kim köpkä – erkekmi aýal? Şonam aýtsaň başga sowal berjek däl Şahyr bolsaň şoňa-da bir jogap ber! -Bir dana diýipdir: “Aýala –aýal Aýalyü gepine gidýänem aýal” Emma men ol sözi gaýtalajak däl Täzeçeräk jogap tapmak borjumdyr Il güne ýaýrapdyr şeýle bir gürrüň Kä ärden aýallar merdiräk bu gün Çotuň kakyp özüň hasaplap görgün Baş buh bolsaň jemin tapmak borjuňdyr
|