Myhman Depderçämiz

Facebookda paýlaş

Eser gözle

“Gaýtarma”
Berilen Baha    (0 baha)
Näçe gezek okaldy? 786
Halanlaryň Sany 48

Begenerdik atasy öýne gelende,

Gynanardyk gaýyn öýne gaýdanda,
Obamyzda bir gaýtarma gyz bardy,
Onda-da ne gaýtarma!

Görmegeýdi. Asyllydy. Alçakdy.
Ykbal bu üç bagty berenok hemmä.
(Kä ikisin berip, birin berenok,
Käte birin berse, ikisin kemýä).

Onda şu baýlyklaň üçüsem bardy.
Ady dilindedi uludan-kiçiň.
Deň-duşlary üçin uýa bolsa ol,
Ejedi biz ýaly uşaklar üçin.

Käte kemput berip, käte gant berip,
Käte bolsa paýlap kendirli nabat,
Dilimizem, göwnümizem tapardy.
Dili-de nabatdy, ady-da Nabat.

Duldegşir goňşudyk. Olaryň öýi
Käriziň sagynda. Biziňkem çepde.
Garahassalykmy, mamamy, mergi – 
O mahal her dürli keselem köpdi.

Ony dul goýupdy şo dertleň biri.
Üç ýyllap ýas tutdy başy çabytly.
Şondan bäri atasynyň öýünde.
Ol-a bir betbagtdy
Bizem bagtly.

Begenerdik atasy öýne gelende,
Gynanardyk gaýyn öýne gaýdanda.
Ynha indi ýarylyber “begen-de”
Ol gaýtarma, ol ömürlik gaýtarma!

Atasam hiç kime berenok ony.
Berjegem däl. Özem edenok meýil.
Otyr ol ak öýüň törüni saklap,
(Şeýdip diňe bagry ýaraly göýül
Oturýandyr bir oturan ýurdunda)
Iň uzak örüsi – käriz, ýeke tut.
…Ýene-de geldi ol eşik ýuwmaga,
Çabdynyň jübüsi durşuna kemput.

Edil şo mahalam bir daýaw çopan
Sowdy eşegini ýabyň boýuna.
Eňegin basdy-da käriz suwuna,
Ýene “gur-roww!” diýip, gitdi ugruna.

- Aýu, oglan, Muhtar, kemeriň galdy! - 
Çopanyň yzyndan ylgady Nabat.
Näme bolanyna düşünmän galdyk – 
Aýylganç gümpüldi edildi şo bat.

Ýene bir gümpüldi… Gyzyň dogany
Elinde tüpeňi, bilinde hatar,
Awdan gelýän eken. Gapdalna baksa – 
Gürleşip duranmyş Nabatdyr Muhtar.

Edil şo demde-de gysylýar mäşe.
Nabat ýykylypdyr ilkinji okdan.
Çakmak çekilende ikinji sapar,
Eşekden dag ýaly gaýdypdyr çopan.

..Müňkürlik diýen zat
Hemişe şeýdip
Ykrar etjek bolýar öz dogrulygny.
Dogra ýalan, ýagşa ýamandyr öýdüp,
Käte atýar şeýdip
Öz doganyny.


Ýeri : sowet edebiyat, Kerim Gurbannepes
Şu eseri başga bir websaýtda satita et Haladym Print Et Dostyňa Iber
 

Syn ýaz


Kod
Silkele