Myhman Depderçämiz

Facebookda paýlaş

Eser gözle

“Duralgada”
Berilen Baha    (0 baha)
Näçe gezek okaldy? 431
Halanlaryň Sany 41

Ekiz taýy ýaly jorasy bilen,
Jümjüme gülleriň arasy bilen
Jümjüme ýaglykly bir gözel gelýär 
Jümjüme köýnekli jorasy bilen.

Gyzlaň ikisi-de gyzyl çabytly,
Çabytlaň gapdaly keşde sowutly.
“Gyzym, uýam” diýip, lak ataýmasaň,
Lak atmagam indi bize howuply.

Gyzlaryň birisi – duran bir keýik
Köwşüniň ökjesi ne pes, ne beýik
Megerem, dünýäde iň bagtly oglan-
Şol keýik gözlere ýar boljak ýigit.

Menem synlap durun çekilip gyra.
Gyzlar meňzäp gelýär swetofor-çyra.
Çabytlary gyzyl, ýaglyklary gök –
Ýol ýapyk hem açyk – bagtyňa görä.

Gyzlaň biri – çynar, birisi – derek.
Görmäge göz gerek, söýmäge ýürek.
Wah, gözem, ýüregem ýeterlik weli,
On sekiz gerek, wah, on sekiz gerek!

Ikisem uz basyp duralga geldi
Birisi pyňkyryp, bir zada güldi.
Saňa güldümikä? (Aý, ýa-ha saňa,
Ýa-da bir seň ýala güleni belli!)

Asmana seretdim. Gün eýýäm peýşin.
Onýanüa gaýradan göründi maşyn.
Duralga ýetäýmän, gyzlaň gaşynda
Togtatdy, baş egip gözellik üçin.

Mündüler. Gyzlardan galmadym menem.
Aý, näme, dynç günüm, gezjek bir sellem.
Aý, onsoňam, şeýle gözeller bilen
Garşy däl uçmaga kosmosa çenlem…

Awtobus togtady. Aüyldy işik.
Reňbe-reň müň gözel, müň ýigit üýşüp,
“Watan” teatrnyň öňünde durlar,
Deň ýarysy magşuk, deň ýary aşyk.

Ýüregimi alyp özleri bilen,
Kereşmesi bilen, näzleri bilen,
Gyzlaryň ikisem maşyndan düşdi – 
Menem böküp düşdüm yzlary bilen.

Gyzlaň ikisi-de gyzyl çabytly,
Çabytlaň gapdaly keşde sowutly.
Birden iki gözel dörde öwrüldi – 
Hersiniň gapdaly gerçek ýigitli.

Tanapdyr ýigitler gyzlaryň gowsun.
Göreçler göreje atyşdy owsun.
Bir ýigid-ä hasam ýeserje eken –
Kemputdan doldurdy bir çabdyň jübsün.

Onýança-da açdy gapysyn “Watan”…
Kemput iýýän gyzyň golundan tutan
Bir görsem öz oglum, öz Nazar oglum…
Guwan şahyr guwan,
Utan şahyr,
UTAN! 


Ýeri : sowet edebiyat, Kerim Gurbannepes
Şu eseri başga bir websaýtda satita et Haladym Print Et Dostyňa Iber
 

Synlar 

 
#2 Harika .........Döwlet 2010-09-18 01:35
Gaty gowy goshgy beyle gosygyny yayinlayanlara ve sayty tayyarlanlara tüys yürekden minnetdarlygymy bildiryan.....
Satita
 
 
#1 yuwelemeAgamyrat 2010-08-16 18:35
Gaty gowy goshgy ....
Satita
 

Syn ýaz


Kod
Silkele