Myhman Depderçämiz

Facebookda paýlaş

Eser gözle

Elden gider
Berilen Baha    (0 baha)
Näçe gezek okaldy? 656
Halanlaryň Sany 43

Namyradam, nädeýin men, namys-ar elden gider,
Nury-didäm, nukta hallar, zülpi tar elden gider,
Aýyp kylmaň, eý ýaranlar, namydar elden gider,
Gözlerimiň röwşeni, bikarar elden gider.

Serimni söwdaga salgan, serwigä arzym aýdaýyn,
Semender deý sargaryp, ataş şerabyn dadaýyn,
Dostlarym, deň-duşlarym duşman bolupdyr nädeýin,
Şol sebäpden aglaýyr men, näzli ýar elden gider.

Gözlerim görmez diýip, hiç göwnüme getirmedim,
Sagdy-ýu Seýpelmelekniň yzyny ýitirmedim,
Sarnaýyp şamu-säherler, illeri ýatyrmadym,
Neýleýin sabrym bilen hem karar elden gider.

Men oňa sadka bolaý hem dahy çopany, guly,
Agyr märeke era üm bilen düşir dili,
Onuň ysy müşki-anbar, istenmes men her güli,
Engury, injiri, hurma, alma, nar elden gider...

Hiç alajyn tapmasam, dagym bilen barsam gerek,
Gijelerde şam-çyragyň, gül ýüzüň görsem gerek,
Yşkynda perwaz urup, ýolunda jan bersem gerek,
Şol sebäpden aglaýyr men, näzli ýar elden gider.

Bezenip beýge çykanda, begleri berbet kylasy,
Saglary telbe kylyp, telbeler syçrap galasy,
Ele düşüp, ekdi bolgan, boz keýikniň balasy,
Awçylarnyň awlagy, ak maral elden gider.
Ýeri : klassiklerimiz, Mätäji
Şu eseri başga bir websaýtda satita et Haladym Print Et Dostyňa Iber
 

Synlar 

 
#1 YazarMurat Cabuk 2010-08-06 11:23
:-) Hos olmus
Satita
 

Syn ýaz


Kod
Silkele