| “Joşdan aýyrdy” |
Dat edeýin şum pelegiň elinden, Ýow eken ýüregim joşdan aýyrdy; Niçe suhanwerler galdy dilinden, Niçäni dyrnakdan, dişden aýyrdy. Ýalançyda sag hem bardyr, däli bar, Otur-da pikr eýle, özüň ýaly bar, Kimseleriň oram-oram ili bar, Kimselerni kowum-hyşdan aýyrdy. Kimselerde näzy-nygmat, bal bolar, Kimseleriň şirin kämi tal bolar, Kimselerde harwar-harwar pul bolar, Kimselerni mal-u-başdan aýyrdy. Patyşalar gider tagtyndan taýyp, Kimseler murd bolar, kimseler gaýyp, Niçäni şel kyldy, niçäni maýyp, Niçäni göz bilen gaşdan aýyrdy. Adam ogly üşbu jahana, Ryzkyny araýyp, gider her ýana, Kimseleri kyldy alym-udana, Kimselerni akyl-huşdan aýyrdy. Bazygär panydyr – şermende, ýeser, Barçalary bir gün bildirmez, basar, Eý baradyr, indi ýüregim gysar, Nädeýin, deň bilen duşdan aýyrdy. Ýigidiň şöhraty döwlet – bagtynda, Bedewiň zynaty paýu-rahrynda, Ýigrimi bä ýaşynda-aýny wagtynda, Mätäjini goç-gardaşdan aýyrdy.
|