Myhman Depderçämiz

Facebookda paýlaş

Eser gözle

Ahyrzaman Bolar
Berilen Baha    (0 baha)
Näçe gezek okaldy? 644
Halanlaryň Sany 47

Eý ýaranlar, musulmanlar,

Bir gün ahyrzaman bolar,

Ölenden öň köp nyşanlar

Ýeriň ýüzünde kän bolar

 

Adalatsyz bolar hanlar

Bihaýa bolar zenanlar,

Köp döküler nahak ganlar,

Iliň päli ýaman bolar.

 

Pisat iş köp bolar, az bolmaz

Bu öý ol öýe saz bolmaz,

Ýagmyrlar ýagar, ýaz bolmaz

Bir gün bady-hazan bolar.

 

Hile eýlär, tapar ýollar,

Süýthorlukdan ýygyr mallar,

Din ýolyny taşlap iller,

Ne mektep, ne azan bolar.

 

Namaz goýar, sözlär ýalan,

Ata-enä asy bolan,

Çakyr içip, zyna kylan,

Azaby müň elwan bolar.

 

Elin tut Taňry dostunyň,

Asy bolma, sakla diniň,

Enşalla, Magtymgulynyň

Din ýoldaşy iman bolar!

Ýeri : klassiklerimiz, Magtymguly
Şu eseri başga bir websaýtda satita et Haladym Print Et Dostyňa Iber
 

Synlar 

 
#1 BerekellaAgamyrat 2010-08-12 13:55
Bu goshgulary okap doymak yok. Site yoredenlerden Alla razy bolsun
Satita
 

Syn ýaz


Kod
Silkele