| Berilen Baha |
(0 baha) |
|
|
|
|
|
Nä günüñe şat bolar sen, adamzat, Sansyz hatar ahu-zarlar alnyñda. Niçik takat kylar bir müşt toprak, Ýedi dowzah atly narlar alnyñda. Biwepada bäş gün bolan şadyña, Aldanmagyn, ol gün düşer ýadyña. Tañla onda hiç kim ýetmez dadyña. Gabyr, lahat diýen darlar alnyñda. Biler sen, biwepa, ygtybaryñ ýok. Ýaman iş kylmakdan özge käriñ ýok, Eý, bigaýrat, namysyñ ýok, aryñ ýok. Howpu-hatar bişumarlar alnyñda. Zerre-zerre bir-bir sorsalar hasap, Rusyýa, şermende, berer sen jogap, Istär seni bermek üçin gyýn, azap, Ýüz müñ sansyz hyrydarlar alnyñda. Eşit bu dem eger bolsañ gaýratly, Halyñ bolar günbe-günden haýhatly, Çykaýyn diýip oturypdyr haýbatly, Bugra kibi ulug marlar alnyñda. Gapyl bolup emri-magrup etmeseñ, Bilip durup, dogry ýola gitmeseñ, Ahyret ýaragyn munda tutmasañ, Peýdasyz puşeýman, zarlar alnyñda. Magtymguly, neçün gapyl ýörer sen, Bibaka dünýäde tä ki durar sen, Niçe söwda bar başyñda, biler sen, Syrat üzre intizarlar alnyñda.
|