Myhman Depderçämiz

Facebookda paýlaş

Eser gözle

GEZEMEK BILEN
Berilen Baha    (0 baha)
Näçe gezek okaldy? 863
Halanlaryň Sany 67

Ýetmiş ýaşly gardaş, girmegil ýaýa,

Okuň ýaýa barmaz gezemek bilen:

Guwanma  kesekden  bolan  binaýa,

Kesek bina tutmaz, düzemek bilen.

 

Adamzatdan çykar adamlyk ysy,

Galp adamyň basym biliner misi,  

Müýemüne azar biýr adamyň pisi,

Dönüp dawa tutar duz-emek bilen.

 

Uzak ýola bidöwletni baş etme,

Erki elden berip, köňli daş etme,

Akmaga iç berip, syryň paş etme, —

Galbirde suw durmaz, gezemek bilen.

 

Dost tutma köp ýaşly adam-kösesin,

Baryn «ýok» diýr, boş görkezer kisesin.

Biribar boş etse aklyn käsesin, —

Ne peýda, daşyndan bezemek bilen.

 

Owwal,  Magtymguly, özüň düzetgil,

Özüňni sen özgelere göz etgil,

Az iýgil, az ýatgyl, sözüň az etgil, —

Ne  bar   manysyz  söz uzamak  bilen!

 

Ýeri : klassiklerimiz, Magtymguly
Şu eseri başga bir websaýtda satita et Haladym Print Et Dostyňa Iber
 

Syn ýaz


Kod
Silkele