Myhman Depderçämiz

Facebookda paýlaş

Eser gözle

AKYL-HUŞDAN GEÇER
Berilen Baha    (0 baha)
Näçe gezek okaldy? 271
Halanlaryň Sany 26


weş gün meýdana gelmez,

Namart akyl-huşdan geçer,

Ürkek ýaby, taý görende,

Bedew segräp, leşden geçer.

 

Ýaman bilen kylsaň sapar,

Uruş-gowgadyr, şer tapar,

Namart çendan basgy tapar,

Ýoldaşyndan, goşdan geçer.

 

Söz ýetse her bir nadana,

Degse degim namekana,

Salmaz özün hiç bir sana,

Barça deňden-duşdan geçer.

 

Namart gaýgy cany-tende,

Gorkar duşundan ötende,

"Bol, atlan-ha-atlan!" günde,

Abraýyndan, huşdan geçer.,

 

Namard ikbali ýörse,

Müflisi artar hal görse,

Hak bir merde döwlet berse,

Sözi dagdan, daşdan geçer.

 

Ol çykmaz gury bat üçin,

Mert jan berer ar, at üçin,

Nep bilip sähel zat üçin,

Näkes gözden-gaşdan geçer.

 

yky diýr arratlar,

Ýaramaz derde namartlar.

Bir ar-namys üçin mertler

Jandan, maldan, başdan geçer.


Ýeri : klassiklerimiz, Oraz Aşyky
Şu eseri başga bir websaýtda satita et Haladym Print Et Dostyňa Iber
 

Syn ýaz


Kod
Silkele