Myhman Depderçämiz

Facebookda paýlaş

Eser gözle

EPENDİM
Berilen Baha    (0 baha)
Näçe gezek okaldy? 193
Halanlaryň Sany 24


Danyş olan pendi-nesihat tutar,

Gaflat içre galyp yörme, ependim.

Görümsizler soltan başyn har eder,

İslemegen ýere barma, ependim.

 

Ýokdan bara geld dünýe ýüzüne,

Gudratyn gör, uýgun kelam sözüne,

Ýagşy-ýaman her kim eder özüne,

Ýakan bişer, ,gazyp girme, ependim.

 

Akylsyz gardaşdan namys-ar ýeter,

Nadan bolan eziz başyn har eder,

Bir ýere köp barsaň hormat gider,

Gadr bolmaz ýerde durma, ependim.

 

Mertden aç hem bolsa, aslanyn çıkar,

Namart myhman görse, görünmez, bukar,

Barsaň möhüm bitmez, hatyraň ýykar,

Dileg salyp, ýüzün görme, ependim.

 

Bijaý söz har eder hatyraň has-da,

Söz tapmasaň otur dahany gys-da,

Agyr märekede, uly mejlisde,

Beýhuda bimany urma(diýme), ependim.

 

Halal, haram dannamayan iyer sen,

Elip-ýortup ýygsaň dünýäni diýr-sen,

yky, magşar gün jowab berir sen,

Halal harama garma, ependim.


Ýeri : klassiklerimiz, Oraz Aşyky
Şu eseri başga bir websaýtda satita et Haladym Print Et Dostyňa Iber
 

Syn ýaz


Kod
Silkele