| baraly begler |
Mowlam bizin ishimizi on salsa, Gelin yow ustune baraly begler, Her ki yesir tutup, bir abray alsa, Ona soykasyny bereli begler. Her kimi hak penasynda saklasa, Aman cykar, yanar oda oklasa, Serdarymyz haysy yeri caklasa, Dushman bilen sowesh guraly begler. Yene bir soz muhannesler saylansyn, Aty yagshy goc yigitler shaylansyn, Gizlin baryp yow dashyna aylansyn, Sowesh tursa shir dek duraly begler. Sowesh bolsa agyz yagshy bir bolsa, Atyshyga tupen bolsa,tir bolsa, Destgirimiz Shahymerdan pir bolsa, Dogry durup,gylyc uraly begler. Muhannesdir shol gun jylaw cekenler, Ardir kelle kesip,ganlar dokenler, Ozi mestan, aty segrap bokenler, Ne genesh eylar siz, sureli begler. One-yza yagshy salyn garawul, Namardyn janyna dushmesin dowul, Teke, salyr,saryk,garabekewul, Bir oturyp, bile turaly begler. Seydi diyer indi syndyrman bady, Dushmanyn galandyr bir gury ady, One salyp serdar Mammetmyrady, Herne nesibani goreli begler..
|