| GOŞA PUDAGYM(DESSAN) |
RAWIÝAN AHBAR WE NAKYLAN ETER WE TUTÝAN Şeker; şirin guftar şundag rowaýat kylarlar kim, Seýdi 4 hatun alyp erdi. Ulug hatyndan üç gyzy boldy. Alla tagala alrynyñ ömrüni neres telikde wepat kyldy.Ata – enesige perýat boldy. Perýat digenleri ol turup kim, kerwen takryr geler. Ýagşy düşleginden soñ nereste ölgen oglanlar jennetde ata- enesi üçin jay düz eder.Ne gerek bolsa taýýar kylarlar. Şonuñ ücin hem rawylar gaýdyp , gamnäk boldular.Ýene „ belli , jan sag bolsun , alarynyñ öwezige ogul – perzent bersin „ diýip, hudaga şükür kyldylar. Elkyssa , Seýdiniñ TOTY atly hatunyndan iki ogul body.Ulug oglunyñ ady MIRHAÝDAR erdi, kiçik oglunyñ ady MIRHESEN erdi.Mirhaydaryñ puştunda resul – aleyh – essalamyñ nyşany bar erdi. Halaýyk arasynda bu oglanlardan ança hedaýat, keramatlar zahir bolup erdi kim, binehayat.Her kişi alaryny görse jan-dil birle söwer erdiler. Elkyssa, oglanlaryñ enesi TOTY erdi.wepat boldy.MIRHAÝDAR bäş ýaşynda , Mirhesen üç ýaşynda eneden galdylar. Seýidi perýat kyldy, oglanlaryny gujagyna alyp aýtdy : --Eý iki gözüm nury, köñlüm serweri perzentlerim ! men sizni enesiz niçük saklagaý men ? – Diýip, ýylgady. Taki teke welaýatynda Şemşat atlygy bir gyz bar erdi.Seýdi aýtdy : --Men ol welaýatga baraýyn, huday razy kylsa, Şemşatyny alaýyn, şaýet oglanlarymga mähriban bolgay ! – Diýip, atlandylar.Birnäçe katyg – menzel etip, ol welaýatga bardy.Şemşatyny aldylar.Tört ay onda galdylar.her gün oglanlargy ýadyna düsüp, ýüregi para-para bolup, ah çekip, bu gazalyny aýtdy. Gazal Seýdi : -- Eý gözümniñ rowşeni, köñlüm sizni istär bu gün, Eý ereniñ gülşeni, köñlüm sizni istär bu gün, Däli köñlüm gülşeni, köñlüm sizni istär bu gün, Bahr içiniñ magdany, köñlüm sizni istär bu gün, Gunçalarnyñ ahsany, köñlüm sizni istär bu gün. Ýaş eken bu eneden galan ýetim oglanlarym, Söwgüsinden aýrylgan täji – perim oglanlarym, Eý meniñ görer gözüm, içde demim oglanlarym, Murgy – köñlüm, mesgen köñlüm sizni istär bu gün. Göz guwanjym, eý, meniñ jandan eziz perzentlerim, Mirhaýdar, Mirhesen atlygy iki delbentlerim, Bir daragtdan iki miwe, ikisi peýwentlerim, Gýüç – kuwwatym, jan aramym, ýürek – sursantlarym, Ah urup, tüni – güni, köñlüm sizni istär bu gün. Biri gözüm garasydyr, biri daşynda agydyr, biri bagrym örküdir, biri ýüregim ýagydyr. Birisi kuhy – belug, biri kabusynyñ dagydyr, Biri şemsniñ enweri, biri şebniñ çyragydyr, Eý, hatlyka rowzany, köñlüm sizni istär bu gün. Jowşenim, seýfim hysarym, zynatym,ziwerlerim Golda galkanym weli, uçmaga balu- perlerim, Müşki kafurym meniñ, ysy ýupar anbarlarym, Gatyf kalbym, asly Seýit, gazanfar şirlerim, Köñlüm nagyz istär meni, köñlüm sizni istär bu gün. Biri salarly – arapdan, biri mekge agzamy, Birisi mahy – pelekdir, biri çarhynyñ enjamy, Iki türpe näzik oglan, bir- biriniñ hemdemi, Ähli diller söýgeni, köñlüm sizni istär bu gün. Seýdi diýer, neýleýin boldy ýürek sed paralar, Ne alaç eýleý, neteý galdym biçäreler, Aýralyk tygy dilip, bagrymny kylmyş paralar, Müsür iliniñ soltany, köñlüm sizni istär bu gün. Elkyssa, bu gazalny aýtdy.Erse ŞemŞatny alyp, bir niçe katyg – manazyl etip,öz welaýatlarga geldiler.Oglanlarga gowşup, myratlary hasyl boldy.Bu oglanlarnyñ zowk – şowky birle aýş – eşret etdiler. Bu oglanlarnyñ häsiýetleri bu erdi kim, at – ýarag birle şowky köp erdi.Her ýerde at görseler münüp erdiler.Eger musulmany – kafyr, myhmany – mysafyr görseler, alarnyñ atyny münmeýin, tagam – mahazere bermeýin goýbermese erdiler.Alar her kimige mähriban erdiler. Günlerde bir gün Seýdi bilen jemagat oturyp erdiler.Gördüler, bu iki mürzeler garşy garafda ýol başyga ýügürdiler. Bu jemagatlar bilmediler bu oglanlar ne işe baradurlar.Gördüler erse maşrykdan bir atly peýda boldy. Bildiler, oglanlar anyñ ýoluga çykyp, atyny müngeýler.Ol zaman atlyg hem ýetip geldi.Bu iki mürzeler ikisi hem salam kyldylar.Aýtdylar : Mirhaýdar : -- Essalam – aleýkim, gelen suwara, Agajan, bir zaman dur, bizim sary, Sözüm ýerde goýma, gaýtarma raýym, Sowulgyl ýoluñdan, ýör bizmi sary! Mirhasan : -- Hoş geldiñ bu jaýa, gelen suwara, Agajan, bir zaman gel, bizim sary, Näbelet sen, ýol bilmez sen, gezer sen, Eger gider bolsañ, ýol bizim sary ! Suwara : -- Bilbil owazyñyz, şirin sözüñiz, Hoş ýakdy gulaga, heýli mürzeler, Görmemişem, tanamazam men sizi, Siz kimiñ perzendi, ogly, mürzeler ?! Mirhaýdar : -- Sorsañyz nesli biz Şahymerdanyñ Alydyr arslany, şiri – hudanyñ Biz iki oglumyz Seýdi hojanyñ Görüş atamyzga, bar bizim sary ! Mirhesen : -- Ýezit çykdy ymamlarynyñ şanyga kerbelada galdy hüseýin ganyga Baraly bir zaman atam ýanyga, Nan iýgil, suw içgil, çal bizim sary ! Suwara : -- Uzak ýodan, janlar, gelmişem daşdan Men sizi görmemişem, ýokduñyz başdan, Suguryp ýüregim aldyñyz içden, Tañrynyñ tarhany, däli mürzeler. Mirhaýdar : -- Syndyrma sözümni, basyp gitmegil, --- Osan il kimin osup gitmegil, Birden omydyñny kesip gitmegil, Gel imdi baraly, bar bizim sary. Mirhesen : --Atam hoş sahypdyr, muhabbatlydyr, Atam mähribandir, mürewwetlidir, Atam güler ýüzli, mylakatlydyr, Tanyş, biliş, aşna bol bizim sary. Suwara : -- Awal sizni eziz eden hudadyr, Sizden juda bolgan hakdan jydadyr, Sizge, atañyzga janym pedadyr, Gerçekdir sözüñiz beýle mürzeler. Mirhaýdar : -- Gaýgydan bigäne, gamdan halasam, Kemal tapar bolsañ, kimge yhlasam, Aşygam, şowkyýam, atga münmek höwesem, Düş atdan, bir zaman bar bizim sary. Mirhesen : -- Iki gardaş bile boldylar hemra, Müneli atñny, çykaly sähra, Agalyk, nökerlik eýleseñ berja, Bu gije myhman bol,gal bizim sary. Suwara : -- Men bu gije galyp ýata bilmenem, Basyp sözüñizni öte bilmenem, Ýolum çok uzakdyr,ýete bilmenem, Kesipsiñiz bu ýerde ýoly mürzeler. Mirhaýdar : -- Gözleriñ asmanda, howada seriñ, Bu çendir, bu jaýdyr bu duran ýeriñ, Eşitseñ sen özün Mirhaýdaryñ, Agajan, gideýli, sür bizim sary! Mirhesen : --Mirhesen tiýr, bizni görme beçeler, Awwal group, synamaşlar niçeler, Tutmuşam ýoluñny, bagly köçeler, Agajan, terhosym al bizim sary! Suwara : --Şahymerdan berdi höwri zemine, Niçe kapyrlarny getirdi dinge, Siz bir emirzada, men bir kemine, Siziñ dek ärleriñ guly, mürzeler ! Elkyssa bular sözlerini tamam etdi. Erse bu oturan jemagatlar bu oglanlarynyñ işige aferin aýtdylar. Bu suwara bu oglanlaryny jan – dilden söýdi.Aýtdy : Eý mürzeler ! Siz kaýsy bagnyñ gülisiz, Kaýsy çemenniñ bilbili siz ? – diýdi. Olar aytdylar : Biz bir hudanyñ gulumyz. Muhammed resulyllanyñ ummatymyz.Şahymerdan neslimiz. Seýdi hojanyñ oglanlarymyz. Imdi gel,atamyz gaşyna baraly ! Diýip, alyp geldiler.Erse suwara Seýdiga salam kylyp,ekram birle oturup erdi. Bu mürzeler anyñ atyny münüp, iku tarapga çapa başladylar.Bu kimerse aýtdy : Eý Seýdi, bizni üçin bir hyzmat barmy ? ýok erse, ýolum uzakdyr.Rugsat berseñiz gitjek ! Diýdi.Seýdi aýtdy : Biz siz gelenden bihabar erdik. Lekin bu oglanlar nebalygtururlar, häsiýetleri bu turur.Gelip gijäni haly goýmasalar diýdi.Erse Seýdi oglanlaryny çagyryp aýtdy : --Eý gözümniñ nury Mirhaydar, Mirhesen ! imdi bu myhmanyñ atyny beriñ ! Ýoly uzakdyr, Ýoluga barsyn. Diýdi. Anada alar aýtdylar : -- Biz ýene bir zaman münely, Ta keyfimiz dargasun – Diýdiler. Ol wagt Seýdi oglanlaryga : --Siz köp biedpsiz ! – Diýdi : - Erse tiz atdan düsüñ ! – Diýip, bu gazaly aýtdy.Gazal Seýdi : --Düşüñ atdan, biedeplik eýlemäñ , Uzakdyr myhmanyñ yoly, oglanlar , Bu herzelik siziñ üçin ýaraşmaz, Ýokmi imdi siziñ ýaly oglanlar ! Sähralardan, beebanan gelmersiz, Atañyz nesihatyn almarsiz, Ýagşy nedur, ýaman nedur bilmersiz, Añlamaz, dil bilmez dili, oglanlar ! Men biler men bardur sizde keramat, Emma atañyzga bermäñ hyjalat, Her kimsäni öz basyga parahat, Goýmazsiz gezmäge ili, oglanlar ! Eý gözümniñ röwşeni, iki mürzeler, bolsun myhman köñli sizden razylar, Perýat sizniñ eliñizden herzeler, Sizde biedeplik heýli, oglanlar ! Seýdi diýer, balam, eşidiñ bizden, Bihuda danysmak aýypdyr sözden, Hatardur, zyýada gorkarym sizden, Degmesün her kiminiñ dili, oglanlar ! Elkyssa o şol wagt oglanlar bu kelemäni eşutdiler, erse özlerini atdan taşlap, Mirhaydar aýtdi : --Eý, ata ! bu gün bizge gatyg sözlär sen.Köñlümizni ynjydar sen . Tañla bu wakygaga puşeýman kylar sen. Ol wagt hem şundag sözlegil ! – diýip, bu gazaly okydy : --Düş atdan diýip, maña syýasat etme, Ne işim bar, atdan düşmen, atajan ! Sapa bolsun Haýdarjan diýip aýdar sen, Bu eden işiñe puşman, atajan ! Bu gün ynjydar sen sözüñ biläni, Görer sen gudratyny gözüñ biläni, Mirhesen hem gider biziñ biläni, Waý, aýdan diliñe duşman, atajan ! Bu gün bizge beýle ýüzüñ çytar sen, Erte gara geýip, matam tutar sen, Galkynmany güne çişip ýatar sen, Galar sen bu ýolda aşman, atajan ! Gazal Seydi bu turur : --Hak sizni ýetirsin maksat – myrada, Işiñiz gün – günden bolsun küşada, Ylahy ömrüñüz bolsun zyýada, Sizge bir ýamanlyk rowa bolmasyn ! Ýürek titräp, tenim lerzan etdiñiz, Huşum alyp aklym haýran etdiñiz, Köñül ymaratym weýran etdiñiz, Ogulsyz atañyz geda bolmasyn ! Siz barlykda soltan menem, han menem, Hakga şükür bardyr, musulman menem, Balam, galat etdim, puşeýman menem, Mende munadan gaýry hata bolamasyn ! Biri lebzi şirin, bilbil owazlym, Biri atasynyñ ýüz dürli näzlim, Eý, gara gulpaklym, waý, gara gözlim, Bu nöwça ömrüñiz kötä bolmasyn ! Seýdi diýer, aglap ýatmagyl, balam, Hatadyr beýle söz etmegil, balam, Gün kimin gyzaryp batmagyl, balam, Ýene bagtym meniñ gara bolmasyn ! Elkyssa bu gazaly aýtdy.Erse bu olturgan halaýyklar tagjap kylyp, göz ýaşartyp, emma Seydige tagna kyldylar. Oglanlarga ança ýalbaryp, puşeýman boldular.Her kisi gelip, bir ýalbaryp, boýunlaryndan guçdular.Hiç eser kylmady. Ahyrynda bir at bezäp getirdiler.Oglanlar mündiler.Alar bir zamananyñ bilen meşgulboldular. Bu gije Seýdi her ogluny bir gujagyga alyp,ysgap ýatdylar.Dañ atdy.Erse ol wagt Alimuhammet diýgen kimerse bar erdi, guşçy taýpasynda howandar erdi.Seýdi oglanlarga aýtdy : --Eý, perzentlerim, eý ýürek hursantlarym, rugsat barmu,biz hem ol jemagatga barale ?! Ýok, erse, bizden halaýyklar ajap görgeýler – Diýdi. Ol wagt mürzeler aýtdy : --Eý, käbäm, atajan, eý, kyblam atajan,bargyl, emma tiz gelgil ! Diýidiler. Erse Seýdi ol jemagatga bardylar.Bir zamandan soñ habar geldi.Aýtdilar : “ Il arasyga weba wakyg bolup erdi. Mirhaýdarga hem weba degdi “ diýip aýtdylar.Erse ol wagt Seýdiniñ huşy başyndan gitdi.Ýüregi para –para bolup, öýge geldiler. Gördüler, erse Mirhaydar zyýada haly perişan turur.Ol wagt Seýdi bu halny görüp, baryp ogluny guçup, ýüzünden ysgap : “ EÝ , balam, eý, nuri didäm, ne halyñ bar ?! “ Diýip, bu gazalny aýtdy : --Ýürek örküm, bagyr bagym, Nedir seniñ halyñ , balam ? Göz nury, çeşmi – çyragym, Niçikdir ahwalyñ, balam ! Göz guwanjym, herne barym, Malym – mülkim, bar mydarym, Täze bagym, nowbaharym, Açylmazmy gülüñ , balam ! Ogul, men derdiñ alaýyn, Alyp janymga salaýyn, Sizden awwal men öleýin, Geliñ , gabra salyñ, balam ! Altyn gupbam, täji – serim, Bilimde kümüş kemerim, Ýatdan çykmaz burum – burum, Tepäñde, käkiliñ, balam ! Daglar dözmez, daşlar dözmez, Akar gözden ýaşlar dözmez, Ot alar, agaçlar dözmez, Tap getirmez çölüñ, balam ! Ýaşlykda besledim seni, Ulalañda ýakdyñ meni, Bu gün ahyrzaman güni, Ýas baglaşar , iliñ seniñ ! Halyñ harap , derdiñ zabun, Saldyñ ýüregime dag –dugun , Hakyñ emri bilen bu gün, Aýra düşdi ýoluñ balam ! Seýdi diýer, dur, Haýdarym, Halyñ habar ber, Haýdarym, Sözleri şeker, Haýdarym, Ýakar meni diliñ, balam ! Elkyssa, Seýdi bu gazalny aytdy. Erse ol wagt Mirhaydar atasyga bakyp aýtdy : „ Atajan, janym saña pida bolsun „ Diýip, bu gazalny aytdy.Gazal Mirhaydar : --Bu gün aýdy – gurban boldy, Goç – guzy gurban, atajan, Ybarhym dek hakdan saña, Bolupdyr permen, atajan ! Imdi sizni görme ýokdur, Ýene döwran sürme ýokdur, Hoş gal, imdi durma ýokdur, Dolupdyr peýman, atajan ! Iki ogluñdan aýrylyp, Gözläp galar sen muñalyp, Gujagyñda ysyñ alyp, Doýmadyk, arman, atajan ! Dil daşdyr, köñül şişedir, Derdim başymdan aşadyr, Syna tutmak endişedir, Halym perişan atajan ! Bulut boldy kamar ýüzi, Döküldi bagtym ýyldyzy, Sakla gujagyñda bizi, Halym perişan, atajan ! Umydym uzdym janymdan, Otur, aýrylma, ýanymdan, Şirin jan çykdy tenimden, Agla bir zaman, atajan ! Atajan, ýanyma gelgil, Meni gujagyña algyl, Imdi menden razy bolgul, Başyña gurban , atajan ! Gezer sen iglee – iglee , Bagryñy daglaýa –daglaýa, Galar sen ýyglaýa – ýyglaýa, Biz gitsek bu ýan, atajan ! Bu dertge boldum geriftar, Hak özi bolmasa gamhor, Eger tebip gelse jerrar, Neýlesin lukman, atajan ! Baglydyr bagtyñ, baglydyr, Dilinmiş bagryñ daglydyr, ölenler kimniñ ogludyr, Pylanyñ plan , atajan ! Illeriñ ogly oýnaýyr, Seniñ gözleriñ gynaýyr, Içiñ ýanyp, bagryñ köýir, Jigeriñ bürýan atajan ! Ogulsyz : „ Ogul ! „ diýp kime, Döker ýaşyn dügme – dügme, Meniñ bu güýçli derdime, Tapylmaz derman, agajan ! Ölen ölüp, ýola düşüp, Galanlar galar orlaşyp, Haydar diýer, hatarlaşyp Çekildi kerwen, atajan ! Elkyssa, Mirhaýdar bu gazalny aytdy. Erse, ol wagt bir ah urdy.Mirhesen bu halyny görüp, huşy başyndan gidip, reñi tagýyr bolup : „ Eý, emekdeşim, ýalñyz – ýeke gardaşym, ne halyñ bar ? „ Diýip, bu gazalny aýtdy.Gazal Mirhesen : --Pylan ogly pylan mürze diýilgen, Tur, Haýdarym ne iş düşdi başyña, Ötgen babalarnyñ ady goýulgan, Mirhaýdarym, ne iş düşdi başyña ! Bozulmasyn, agam, ömrüñ köçesi, Üzülmesin gyzyl gülüñ nöwçesi, Şahymerdan nesli, arslan beçesi, Şir Haýdarym ne iş düşdi başyñga ? Bilbil owazlary , şirin sözleri, Ýüregde dag – dugun, ýakar bizleri, Näzik teni,gyzyl dek ýüzleri, Nur Haýdarym, ne iş düşdi başyñga ? Selman birle hemdem bolup ýatyjy, Hummet asasyny golda tutujy, Müşgil düşse çagyranda ýetiji, Är Haýdarym, ne iş düşdi başyñga ? Kümet – hezraýa çiltenler bilgen, Mansurnyñ oturan jaýyga gelgen, Alar içgen meýden içip, pir bolgan, Zor Haýdarym, ne iş düşdi başyñga ? Agam nowçalykda, dokuz ýaşynda, Bilmen niçek söwda bardyr başynda, Halklar gelip, halyñ sorap daşyñda, Tur, Haýdarym, ne iş düşdi başyñga ? Mirhesen diýr, ýürek – suwdyr, bagyr – gan, Gopdy atamyzga bir ahyrzaman, Emekdeşim meniñ, waý, ýalñyz dogan, Mirhaýdarym ne iş düşdi başyñga ? Elkyssa, Mirhesen bu gazalny aýtdy.Erse, o şol wagt Mirhesene-de weba degdi.Bu hem bihal bolup ýykyldy. Şol zaman hiç özüni bilmedi.Seýdi haýran – serasimede galdy.Aýtdy : --Eý hudaýa, ol Haýdarym gussasynda erdim.Mirheseniñ ody ondan zyýada boldy.Bu tarapga baksam, ýanar otga köýep men, bu tarapga baksam, derýaga gark bolar men.Imdi depre – nerge derman galmady.Bularnyñ biri galsa, anga hem razy turur men – Diýip, zar – zar ýyglap,bu gazalny aýtdy.Gazal Seýdi : --Görer gözüm, nury-didäm oglanlar Kylaýyn janymny sizge pida men! Nowbaharym, biri körpäm oglanlar Imdi bolar boldum sizden jyda men. Çäre ýok, hudanyň takdyry bolsa, Höküm anyňdyr, gudrat anyň, ne kylsa, Hak permany birle birisi ölse, Biri galsa, birisige razy men. Bir yandan ot ýanyp, bolmuşam kebap, Bir ýanymda deňiz, gark etdi gerdap, Gördegim jebirdir,çekdigim azap, Hesretinde köýüp galgan geda men. Men ýanaýyn kaýsysynyň oduga, Men ýeteýin kaýsysynyň dadyna, Men gurbanam ikisiniň adyga, Kaýsysyndan men kylaýyn tama men. Hazan urup gitdi,güller galmady, Kaddym dala döndi,biller galdym, Gurydy derýalar,siller galmady, Ýalňyz ýeke galyp, boldum eda men. Men dek iki oglun alyp dyzyga, Aglaýan barmydyr bakyp ýüzüge, Bir bildim, sygyndym haknyň özüge, Ýa reb, tapam kaýsy işden şepa men. Çagyrdym çiltenler, peýda bolmady, Indi Mirhesenim özün bilmedi, Haýdar diýip çagyrdym jogap gelmedi, Mirhesenden eşitmedim seda men. Men teşneýem, baryr ýolun çöl algaç, Bakjalaryň hazan urup,ýel algan, Seýdi diýer, degre – daşyn sil algan, Men bir binowaýam, bagty gara men. Elkyssa, biçäre Seýdi bu gazalny aýytdy.Erse ýedi endamy söküldi.Üç ýüz altmyş damarlary hum dek erip, tört ýüz gyrk süýekleri lahta-lahta, bigun-bogun sökülip,gözlerinden ýaş akyp başlady.Ol wagt Şemşat Seýdiniň nalasyna tap getirmeý, bu mürzelerniň ýanyna gelip,bu gazalny aýtdy.Gazal Şemşat : -- Boýun görüp guwananym daşyndan, Nöwbaharym- Haýdar, körpäm-Mirhesen, Perwaz urup aýlananym başyndan, Nöwbaharym- Haýdar, körpäm-Mirhesen! Eneňiz ýok, bu gün ene bolaýyn, Sizge gelgen derdi özüm alaýyn, Görmegeýin, sizden awwal öleýin, Nöwbaharym- Haýdar, körpäm-Mirhesen! Iki bimar biri düşekde ýatarmy? Iki gardaş biri jahandan ötermi? Iki göwher bir tarapdan ýitermi? Nöwbaharym- Haýdar, körpäm-Mirhesen! Solsa bakjasynda güller açylman, Synsa käsesinden meýler içilmän, Dal boýunga kumaç donlar biçimän, Nöwbaharym- Haýdar, körpäm-Mirhesen! Ýüz öwrüp nalyş etsem hudaga, Baran degip suw düşmesin çyraga, Men bolaýyn başyňyzga sadaka, Nöwbaharym- Haýdar, körpäm-Mirhesen! Awwaly köp çekdim jepaňyz, balam! Ahyra ýokmudyr wepaňyz, balam?! Ýa reb, kaýda bolar şepaňyz, balam! Nöwbaharym- Haýdar, körpäm-Mirhesen! Dolduryp älemge adyňyz sizniň, Bu gün kime ýeter dadyňyz sizniň! Şemşat diýer,tükenmez oduňyz sizniň, Nöwbaharym- Haýdar, körpäm-Mirhesen! Elkyssa, Şemşat bu gazalny aýtdy.Erse Seýdiniň enesi Göwherşatniň bu işden habary ýok erdi. Benegäh anga hem habar ýetişdi.Ol wagt çusty-çäbek ýerinden turup geldi. Örde, erse oglanlarnyň haly perişan turur.Ýüzlerge akyp, zar-zar ýyglap,bu gazalny aýtdy. Gazal Göwherşat : --Oglan bolup,oglanlykdan ötmedik, Iki gözüm nury Mirhaýdar jan! Eziz balam, körpe guzym Mirhesen! Ýigit bolup myradyga ýetmedik, Iki gözüm nury Mirhaýdar jan! Eziz balam, körpe guzym Mirhesen! Bagda bitgen gyzyl gülüň lälesi, Tora düşgen türpe guşuň balasy, Men öleýin, siz ikiňiz galasy, Iki gözüm nury Mirhaýdar jan! Eziz balam, körpe guzym Mirhesen! Bir otagda iki çyrag öçermi? Bir aşýandan iki şuňkar uçarmy? Bir kişiden iki döwlet gaçarmy? Eziz balam, körpe guzym Mirhesen! Gara gözüň garasyga gurbanam, Diliň, bagryň ýarasyga gurbanam, Gunça gülnüň nowçasyga gurbanam, Eziz balam, körpe guzym Mirhesen! Her kişi kim iki gözden aýrylur, Göz bolmasa,görk hem ýüzden aýrylur, Guş ganatdan, goç boýnuzdan aýrylur, Iki gözüm nury Mirhaýdar jan! Eziz balam, körpe guzym Mirhesen! Ýaşlygyňda hakdan ülüş berilgen, Keramaty halk icinde görülgen, Ýaryş güni ýüwrük aty ýorulgan, Iki gözüm nury Mirhaýdar jan! Eziz balam, körpe guzym Mirhesen! Göwherşat diýer,pelek salyp duzaga, Gahba dünýä özün çekmis gyraga, Baran degip, suw düşmesin çyraga, Iki gözüm nury Mirhaýdar jan! Eziz balam, körpe guzym Mirhesen! Elkyssa, Göwherşat bu gazalny aytdy. Erse, imdi ölümden beýan kylur.Biliňler, ölüm ahyretniň ýoludyr.kim dünýäden göçerde anga barur. Ahyret menzeldir, ölüp görge girmekdir.Bu ölümden gaçyp gutulmakga çäre ýok.Çynança kuranda habar berur : „ Kul – anna – l mötellezin teferrun minhu, faannahu malakaýki „ . Ölüm bir gapydyr kim, ol gapydan tamam girse gerek.Bir şerbetdir kim, ol şerbetden tamam içse gerek. Çynançe kuranda ýat kyldy : «Kullu nafsun zaikatu – l möwt » Bu aýat geldi. Erse perişteler aýtdylar : --Ýer halky pany ulurlar,gök halky pany olmaýarlar!… Andan soň bu aýat nazl boldy : “ Küllü min alaýhi fain we ýabku rebbikä zül- jelal wa-l-ekram “ . Ýagny Taňrydan özge tamam nesne pany oljakdyr.Perişteler bu aýatny eşitdiler.Erse bildiler kim, özleri dahy pany oljakdyr.Çenançe Pygambar allaýh – essalam aýtdy : --Kim meniň nefsim, ol ölüm şerbetinden dadasydyr.Ne tek kim, kuranny ýat kyldy : Külli şeýň halyk wejhä. Andan soň Perişteler aýtdylar : --Ýa, resul, alla jümle älemni seniň dostlygyň üçin yaratdy.Taňrydan dileseň kim, sen ölmes sen! – diýidiler. Pygambar aleýh-essalam aýtdy : --Taňry tagala dostlaryn bu pany dünýäde köp gezdirmez.Dost dostga ulaşmak ýagşy nygmatdyr. Elgaraz, bu destur birle Mirhaýdar we mirhesen Taňry kazasyga ryza bolup,ikisi hem atalary, apalary, kpwum-hys akrabalary birle, ulug il birle hoşlaşyp,bu gazalny aytdy.Gazal emirzadr : --Kowum-hyşdan, gardaşyndan aýrylgan, Köňli garyp düşgen atam, hoş galyň! Iki ýerden hyjran urulgan, Atajanym, käbäm, kyblam,hoş galyň! Enemeiz yok,ene işin bitirgen, Enelik hakyn bize ýetirgen, Arkasynda, gujagynda götergen, Ygtykatly Şemşat enem, hoş galyň! Beçelikde özi besläp el bilen, öpüp, guçup, söýüp ýüz muň dil bilen, Ýanyp odumyzga,köýüp kül bolgan, Enemiz Merýemge salam, hoş galyň! Iki döwlet senden gaçdy daýasyz, iki çyraň birden öçdi daýasyz, Iki ogluň birden geçdi daýasyz, Siz ýetiriň bizden peýam, hoş galyň! Saýat ajal bizni salypdyr dama, Ölüm zährin goýup getirmiş jama, Ak süýtden emdiren kyblam eneme, Kyblamyň enesi käbäm,hoş galyň! Görseňiz illerde dogan gardaş, ýar, Dünýä bolar sizniň başyňyzga dar, Eksüklerim, aglaşarsiz zaru-zar, Patma, Zöhre atlyg uýam, hoş galyň! Rahatdyr hudadan ýetişse mähnet, Hak emrige ryza bolmaz muhannet, Garry aglap, gara geýip Orazbagt, Orazbibi, naçar apam,hoş galyň! Bir gül idim,nowçalykda guradym. Daglaryň garydym, akdym, eredim Ýomut, Gökleň,Ýaňak, müridim, Gulluk eden ilim,obam, hoş galyň! Geliň, Haýdar bilen aşna boluşgan, Mirhesenim bile baryp, gelişgen, Deň-duş bolup, boýnumga gol salyşgan, Bizden ryza boluň, atam, hoş galyň! Elkyssa, bu gazalny aýtdy.Erse Seýdi perzendiniň bu sözüni eşitdi.Erse öz husnuga bakyp aýtdy : --Eý, jan! Näge ýatyp sen çykmaý! Eý, ten, näge galyp sen çüýremeý! Eý, pelek! Meni gam- gussaga baý kyldyň, hoşlukga geday kyldyň! – Diýip , bu gazalny aytdy. Gazal Seýdi bu turur : --Gahba pelek, daglar ýykyp başymga, Meni etdiň gussa bilen baý imdi, Rehmiň gelmez gözden akgan ýaşymga, Gözüm ýaş boldy, çeşme, çaý imdi. iller dagwat etse aýdy – gurbanda, Men ikisini gurban etdim bir günde, Gözüm görüp, elim ýetmez jahanda Zar aglarym hepde – hepde, ay imdi. Gözüm nury Mirhaýdarym, Mirhesen, Ýekelik tygydyr bagrymny kesen, Naçar emekdeşim- Orazbibi sen, Eşitseň, ýas tutup,gara geý imdi. Bagrym başy dilim-dilim ýaradyr, Ýüregim, üzülip, akyp baradyr, Bilmenem dünýäni akdyr, garadyr, Ganlym pelek, etdiň başagaý imdi. Aldylar başymdan tylla jygany, Bozdular ýazylgan kükrek dogamy, Çapraz-çapraz dagladylar synamy, Ot alyp, örtenip,ýandym, waý imdi. Mirhesen wezirim, Haýdar soltanym, Dagyldy leşgerim, geçdi döwranym, Ýolga düşdi hatarlanşyp kerwenim, Gerek boldy azyk,ýarag şaý imdi. Bir eneden galan iki zürýadym, Begenjim, gynanjym, Haýdar myradym, Umydym,niýetim iki öwlatym, Çykdy elden, şirin janym köy imdi. Haray diýsem ýetgin yokdur datlarga, Dünýä şowky düşmez boldy ýatlarga, Elim güýlüp, meni salyň otlarga, Pelek, özüň gelip, eliň çöý imdi. Bilbil ölmüş,hazan urmuş bagyga, Matam tutup,gara geýmiş agyga, Seýdi diýer,dostlar, perzent daglyga, Tap getirip, ýanyp bolmaz,waý imdi. Elkyssa, Mirhaýdar we Mirhesenge jan açjygy gelip,gözleri agaryp, dyrnaklary gögerip,ýüz sargaryp, jan kar-kara gelgeniniň beýany.O şol wagt iýgen tagamlarga mesal perişde ýetip eldi.Aýtdy : --Essalam-aleýkum, eý perzende adam!Men seniň iýgen tagamlarnyň masyly turur men. Magrybdan maşrykga gezdim,seniň tagamyňdan bir lukma tagam tapmadym –Diýip aýtdy. Ýene içgen suwuga mysal perişde gelip ýetip turur : --Essalam-aleýkum, eý perzende adam! Men seniň demiňe mysal turur men.Ýer ýüzün gezdim,seniň demiňden hiç dem tapmadym.Demiň ahyr bolupdyr.Imdi alla ýaryň! – Diýip, bu perişdeler gitdiler. O şol wagt Mirhaydaryň mübärek yüzlerinden jan deri akyp, gözlerniň şuglasy gidip,demlerin sanap ýatyr erdi.Ýene jellat ajal okun gezäp,ölümniň mysaly hem ýetişip geldi.O şol wagt Mirhaýdar tülmünip, tört daşyn göläp,atasynyň ýüzge gözi düşüp aýtdy : --Eý, ata, imdi menden razy bolgul, hak ryzasyga biz hem razymyz! – Diýip , telmüre başlady. Ol wagt Seýdi ýyglaý-ýyglaý Mirhaýdarnyň başyny sagdyzyň üstüne goýup,Mirheseniň başyny sol dyzy üstüne goýup, her kaýsynyň ýüzünden ysgap, iki oglunyň ýüzge bakyp,bu kelemäni aýtdy we nazm etdi : Seýdi : --Ibtida kylasy agzy- billah Imdi iman başlaly, ýa bismiellah, “ wa mä erselnäk “ aýydy-hakdyr, Eşhedu ellä lä-ilähe ill allah. „ Al-iman wal-ekrar bilisan wa tasdyk bi-l-kalb ykrar iman, Gulaksyz eşider, sözler biziban. Aýdyň oglanlarym: „ Amuntu billäh „. Iman getirmeklikhakynyň atyga, Hudanyň atyga hem syfatyga, ukulmyz la-emut hem haýbatga, Ýagny iman getirmeklik al-l allah. Melekni, kutubny, resulny bilmek, Kyýamat günüňe takyk ynanmak, Awwal ölmek hak, soň dirilmek hak, Wa-l-adr haýr şermin allah. Ýerni, gökni halk etgüji halkdyr, Bimuşakat ryzk bergüji razykdyr, Halk etdi halykdyr,barça mahlukdyr, Eradat,maşeýyet hu – allah . Barça iş baglydyr anyň hastyga, Şu dünýäde jebr etgüji dostuga, Sansyz günäh etdim, günäh üstüge, Gerçe tagsyr etdim, estafyryllah. Seýdi diýer,takdyrymga razy men, Tedbirge ajyzdyr bendesi her çen, Bagyr param Mirhaýdar,Mirhesen, “ Towbetuhu-n-nasuhan” towbu-il-lillah. Elkyssa,Seýdi bu kelemeýi-şerifni aýtdy.Erse Mirhaýdar hem şu destur birle hudany ýat edip, jan beslim kyldy. Göýä bir apy-tupyn turdy.Ulug il ahy-pyganalar tartyp, niçeler ýer garbap,başyga toprak sürtüp, niçeler saçyn ýaýyp, ýüzün ýyrtyp, kimse özün ýerge urup, “ Öler men “ diýip, özün otaga atyp, niçeler öýün daşyndan öwrülip, pygan etip, düzlerge gidip, niçeler köksün gerip, niçeler başyn ýaryp, perýady- zary köp kyldylar. Ol wagt Seýdi ah urup, oglanlarynyň ýüzge bakyp, bu gazalny aýtdy. Gazal Seýdi : --Hezarym, bilbilim,käbäm görünmez, Açylmaz bakjada gülüm, oglanlar, Şekerim, şerbetim, gandym, nabatym, Lezzetli,ýakymly balym, oglanlar. Eý, çeşme çyragym, waý, täji-serim, El sersem-asmanym, baş goýsam-ýerim, Altyn gupbam, bilda kümüş kemerim, Başga çalan tirme-şalym, oglanlar. Iki ýanar çyragymny öçürdim, Başga gelen döwletimi gaçyrdym, Kölde ýüzgen ördegimi uçurdym, Guryp galdy döwlet kölüm,oglanlar. Biri başyn goýmus dyzym üstüge, Biri ýüzün goýmuş ýüzüm üstüge, Käşki ikiňiz hem gözüm üstüge, Otursaňyz budur meýlim, oglanlar ! Bagyrm başy dilim-dilim dilindi, Süýeklerim guryp, etim sylyndy, görer bolsaň meniň halym, gel imdi, Bu gün ajyz düşdi halym, oglanlar. Ýaşlygynda ýaş pudagy gyrylgan, Wagty ýetmän, göklügige orulgan, Men bir garyp, balasyndan ayyrlgan, Boldy bagrym dilim-dilim oglanlar. Başym telbe boldy, huşdan aýryldy, Sogruldy ýüregim, içden aýryldy, Ah urmakdan agzym dişden aýryldy, Akyl-husum, dişim, dilim,Oglanlar ! Myrat atlyg oglum namyrat balam, Haraý balam, Mirhaýdar, dat balam, Ýandym, bişdym, synam doly ot, balam Sowruldy asmanga külüm , oglanlar. Men sizge etmedim jan pida , balam, Siz maňa bolduňyz biwepa, balam, Keramatlyk balam, öwülýä balam, Yşarat görkezen telim,oglanlar ! Bu paýansyz döwlet maňa berildi, Bäş günge ýetmedi,menden aýryldy, Ýürek örkim, ýon damarym gyryldy, Neýläýin üzüldy bilim, oglanlar ! Ýasa batyp, özüm otlarga atyp, Burulyp,towlanyp,muňalyp ýatyp, Göwherim bir elip, bir hige satyp, Tutaşdy ahymdan älem , oglanlar. Çökerdiň üstüme dumany, Haýdar, Namyrat oglumyň dogany Haýdar, Puştyňda resulyň nyşany Haýdar, Elinde asasy telim, oglanlar. Ýaşlykda eneden aýrylyp galgan, Ýetim bolup,boýny burulyp galgan, Ataň bir içinden urulyp galgan, Seýdi diýer, sagym-solum, oglanlar ! . Elkyssa, Seýdi bu gazalny aýtdy. Erçe imdipelek birewge haýra bakar bolsa, ança aglap, nalyş edip ýalbarsaň hem „ Birin aldym, biri seniňki bolsun „ Diýmez. Ança diýseň,aman bermez.Bes, Haýdaryň halyga rehim kylmaý, imdi Mirheseniň üstünden düşer boldy.Beli, bir başa bir ölüm bar: „ Kullunaf sinza-ikatu-l-möwtä „. Ýagny her janlyg nemerse ölüm şerbetin dadar.Ýene aýturlar: abadan soňy weýran, dirilik soňy ölüm, dünýäniň awwaly baka, ortasy jepa, ahyry pena turar.Hezreti hun pygambar üç ýüz ýyl ömür sürüp,ahyr ömründe anga, dünýäni niçek gördüň? Diýip sowal kyldylar.Hezreti hun aleýh-essalam aýtdy : --Iki gapyly saraý turup, bu gapydan girdim, ol gapydan çykdym . Bu gabha pelek kimlerni ýakmaz, kimleri gözün gan ýaşdan doldurmaz? Kim mundan doýup, biarman geçdi? Ol wagt Mirheseniň jan teri basyp, allany yat kylyp,öler boldy. Bildiler kim, haly özge turur.Telmürip,ýylan dek towlanyp, atasyga bakyp,bu gazalny aýtdy.Atasy hem ýüzünden ysgap, tutup bagyrga bysyp,bir gazal aýtdy. Gazal Mirhesen we Seýdi bu turur. Mirhesen : --Emekdeşim agam bile Ata jan gitmeli boldum, Ötgen döwran gelmez gola, Ata jan gitmeli boldum ! . Seýdi : --Ikiňizden jyda boldum, Balam, allah yaryň bolsun, Hak emrige ryza boldum, Balam, allah yaryň bolsun ! Mirhesen : --Ata janym, kyblagähim, Umydym, puşty-penahym, Güzeşt et, bolsa günähim, Ata jan gitmeli boldum. Seýdi : --Eziz balam, körpe guzym, Boldy bagrym üzüm-üzüm, Sözlär telim, görer gözüm, Balam, allah yaryň bolsun ! Mirhesen : --Oglan boldum , ulalmadym, Men saňa ogul bolmadym, Hakyňny berjay kylmadym, Ata jan gitmeli boldum ! Seýdi : --Bagrym para-para menem, Älemge äşgäre menem , Bendeýi- biçäre menem, Balam, allah yaryň bolsun ! Mirhesen : --Dünýäge geldim , ne iş etdim, Dünýä gaýtasyn unutdym, Haýyp, men namyrat ötdim, Ata jan gitmeli boldum ! Seýdi : --Gazanfar, gaýratly ogul, Şir ogul, şöwketli ogul, Ýaşlykdan haýbatly ogul, Balam, allah yaryň bolsun ! Mirhesen : --Ata janym, mähribanym, Gel ýanymga, çykdy janym, Jan çykynça ber imanym, Ata jan gitmeli boldum ! Seýdi : --Hak ýolunda çyksa janyň, Oglum , seniň ne armanyň, Hak bersin nur-imanyň, Balam, allah yaryň bolsun ! Mirhesen : --Apam yok, bizge aglasyn, Enem yok bagryn daglasyn, Beýik daglar yas baglasyn, Ata jan gitmeli boldum ! Seýdi : --Apaň, yokdur, apaň menem, Hem ataň , hem eneň menem, Aglaryn, hergiz diňmenem, Balam, allah yaryň bolsun ! Mirhesen : --Mirhesen diýer bu panydan, Doýmadym ata –eneden , Ýalgançy pany dünýäden, Ata jan gitmeli boldum ! Seýdi : --Seýdi diýer, eziz balam, Balam, seniň derdiň alam, Ikiňizge gurban olam, Balam, allah yaryň bolsun ! Elkyssa, bu gazalny aýtdylar.Erse ajal saky jamyn sunup Mirhesen allany ýadyga geltürip, jan Teslim kyldy. “ Al–hekmul – l – lahy- anna –ilaýhi rajigün “ .Beren amanatyny alsa, ne çäre bar.Ýene peýgambar aleýh-essalam aýdypdyr : “ Almal wa-l-benun zynat-l-haýawati-d-dünýä “ . Ýagny , dünýäniň zynaty maldyr, ogul,gyzdyr. Elgaraz, Seýdiniň başyga ahyrzaman gopup, zar-zar, çün ebrinöwbahar ýyglap, bu gazalny aytdy.Gazal Seýdi : --Eý, gözümniň röwşeni, jismi jan, oglanlarym ! Tende ganym, içde janym, ysyhan ,oglanlarym ! Iki gün myhman bolup, geçip bargan, oglanlarym ! Telmürip galdy ataňyz, natuwan, oglanlarym! Ýüregim suw etdiňiz, bagrymny gan, oglanlar ! Nurul – aýnym Mirhaýdar, ol alynyň namydyr, Bagyr ganym Mirhesen, ymam Hoseýiniň gulamydyr, Ýüregim,örki damarym, janymnyň aramydyr, Bu iki mürzelerniň bu gün aýt – baýramydyr, Emri – hak merhum olan, mah – remezan, oglanlarym ! Ömrüňizniň gülşeni, wah, çaldymy ýeller gelip, Ýagdy mähnet ýagmyry, ýa degdimi siller gelip, Ýa sizni göz urdumy, ýa degdimi diller gelip, Başymga töküldi toprak, gözümge küller gelip, Üstümni tutdy gelip, basdy duman, oglanlarym ! Men sizni heýkel edip,boýnumga asganym kany ? Sypalap käkillerin, ýüzünden ysgany kany ? Gözümge sürme edip, bagrymga basganym kany ? Her birisin bir alyp,gujagymna gysganym kany ? Doýmady bir dem gözüm sizden janan, Oglanlarym ! « Bu ne dagdyr ? » diýseler,diýdim : `` Perzent dagdyr ``, Bir degil bu – iki dagdyr, synamaga düşgen çagdyr, Biri bagrym ganydyr, biri ýüregim ýagydyr, Biri bilimiň kuwwaty, biri gözüm çyragydyr, Boldy çün zyndan maňa ýagty jahan,oglanlarym ! Bu nöwjuwan ömrüňizniň harmanyn çäç etdiňiz, Çäç edip, ýelge berip,waý, meni mähtäç etdiňiz, Doýmady sizden gözüm, bu gözlerim aç etdiňiz, Gözlerim aç etdiňiz,köňlümni gallaç etdiňiz, Nöwçalykda öldiňiz, wah, nöwjuwan, oglanlarym ! Bu ölümniň zulmundan dury ýürek doly bolup, Doly öýlerge gelip,galdy bu gün haly bolup, Çöllerge çykdym,“Ogul ! „ diýip,telbeý-däli bolup, Hiç musulman galmasyn meniň ýaly bolup, Kaýsy birin aydaýyn mundan buýan, oglanlarym ! Biri mekge dagydyr,biri anyň kuhy-kap, Biri horşid,birisi fagfury- kaýsar bihilap, Ikisige sadaka eýle,kylsaň zyýarat hem togap, Derdiňe bergeý şypa, hak hem günähiňden magap, Her birisi Hosrawy- sahypkyran oglanlarym ! Suwga döndy ýüregim,akyp baradyr neýleýin ! Ganga döndi jigerim,sarkyp baradyr, neýleýin ! Günbe-günden bu köňlüm çöküp baradyr, neýleýin ! Kaýda goýsam şol ýerni ýakyp baradyr,neýleýin ! Seýdi diýer, dagy-hyjranyň heman, oglanlarym ! Elkyssa, Seýdi: Eý, ýaranlar, biliň kim,dünýä işi şu şekelli turur.,”dünýä bäş gün turur”. Ýene biri any ýalganlap,” Dogduň bir gün, öldüň iki gün” Diýip turur.Emma pygambar aleýh-essalam aýdypdyr: “ Al dünýä sahu fa jä-älähä tauhy” .Ýagny bu dünýäniň awwalyndan ahyry bir sagat turur.Pygambar huda rast aýdypdyr.Neüçin ötgen zaman elden çykyp turur?gelur zamanga henüz el ýetmegeý turur?.Bes, seniň zamanyň hal zaman turur.Bu sebäpden dünýä bir sagat turur.Emma müneçjemmlerhasabyndan gije-gündiz ýigrimi dört sagat turur.Her sagatda adam muň dem alar.Gije-gündizde ýigrimi dört muň dem alar. Şu şekilli sanly gün,sanly dem bar turur.Kimge köp,kimge az,ahyry bir gün gitmek gerek: Imdi,ýagşy pähim et kim,adam şu dünýäde musafyr turur.Bu musafyryň alty menzel bar turur.Awwal menzel puşty- peder, ikinji menzel rehimi-madar,üçünji menzel meýdany- dünýä,tördünji menzellahat, bäşinji menzel mowkufy – kyýamat,altynji menzel behişt ýa dowzah.Her kişi behişt menzelniň sagadatyn,dowzah menzelniň şakawatyn dünýä menzelinde gazanur.Bu menzelde ömür ulagy hemişe ýörişde turur.Her demin bir gadam, her günüň bir meýdan,her aý bir mil,her ýyl bir agaç,ýol turur.Ýene ömür bir kerpiçden salnynan öý turur. Her dem alanda, bir kerpiç weýran bolur.Gadamyň dünýäden daş tüşüp,ahyrata ýakyn bolur.Aklyň bolsa, ömür azyzyňnygapyllyk bilen ötürme.Ahyrat azygyň dänýäde talap kyl.Azyksyz ýaraksyz gitme.Bes ahyratda köp hasrat çeker sen. Hiç peýda bermez.Eýa, bilurmu sen? Dünýäde bir-iki günlik ýolga gitsen hem azyk, ýarak gerekdyr.Ahyrat ýoly uzakdyr.Çöl- muşakat köp turur.Elbetde, azyk-ýarak gerekdir. Imdi dünýäniň gerdeşin muň dek turur.Bu mahdumzadalar ikisi hudanyň emrin tutdular.Dünýä çekine bolanmazdan gitdiler-diýidiler. Elkyssa, bu oglanlaryny tabutga salyp çykardylar.Benägäh Seýdi hyma içinde oglanlarnyň tabudyn görüp, ah urup bu gazalny aýtdy.Gazal Seýdi : --Synam üzre iki nyşan salynmyş, Anyň biri dagdyr, biri dügündir, Bagrym başy iki ýerden dilinmiş, Birinde burç,birinde duz ügündir. Iki ok urulmyş, dostlar, bu jana, Ýürek suwga döndi, bagyr hem ganga, Tiýrler: „ Taňla bolup ahyrzamanga“, Maňa bolgan ahyrzaman bu gündür. Aýym-günüm tutulypdyr şehabym, Zakguna dönüpdir içgen şerabym, Ýel göterdi warak-warak kitabym, Başym däli bolup, aklym junundyr. Ýakup menem, Ýusubny satdylar, Ibni-eminimden jyda etdiler, Oýunçyýam, sadranjymny utdular, Ol sadranç diýdigim alu-oýundyr. Ýaryş güni ýürek atym ýykyldy, Tuwulgam döküldi, zerim söküldi, Kamatym ham boldy,bilim böküldi, Mydarym galmady,halym zebundyr. Bir laçynam, ganat-perim gyryldy, Bezirgendim,dürli matam uruldy, Goçgar idim, boýnuzlarym aýryldy, Daşym bitin bolsa,içim tütündir. Seýdi diýer,nalyş etdim hudaýa, Diýdim: “ Ýa reb, kimse ýetir haraýa”, Serheň idim,serin tutup howaýa, Oglanlarym dagap gitgen goşundyr. Elkyssa,Seýdi bu gazalny aýtdy. Erse oglanlaryny eltip jynaza ýerige goýdular.Ikisige bir namaz kylur boldular.Seýdiden rugsat dilediler: „ Namaz kylaýlymy? „ diýip.Ol wagt Seýdi bu gzalny aýtdy.Gazal Seýdi : --Suwsyz çöle müşgil bolar zindelik, Imdi ölgen köňül haýat bolarmy? Hak emrige razy bolmak bendelik, Asylarga hakdan hyjat bolarmy?. Gerdeşi keç gahba ýüzüni öwrüp, Barça mahluk aglar bu halym görüp, Iki gardaş bir ýastykda jan berip, Bir düşekde iki mamat bolarmy? Iki ýylan bir kişini sokarmy? Iki soltan bir ülkäni ýykarmy? Iki tabut bir içerden çykarmy? Iki morde ýeke salwat bolarmy? Galkynmaz ýürekde begenç bolmasa, Başga tekýe, gözge guwanç bolmasa, Arkam kimge bereý,daýanç bolmasa, Jesetde jan,tende kuwwat bolarmy? Dünýä dostlugyga ynanyp bolsaň, “Şatlyk bar,gam ýok” diýip,begenup bolsaň, “Döwlet bakydyr” diýip,guwanur bolsaň, Bir lähzede şeýle apat bolarmy? Perman geldi: “ Gapyl ýatma, gal!” diýip, “ Turgyl, oglanlaryň gurban çal! ” diýip, “ Bende sen bu işge razy bol” diýip, Iki ogul birden wepat bolarmy? Seýdi diýer, isteseňiz ejjazat, Rugsatdyr,hak sizge bersin şepagat, Oglanlarymyz birle ruzy-kyýamat, Oşal güni kabul-hajat bolarmy? Elkyssa,Seýdi bu halaýyklarga rugsat berdi.Halklar jynaza-namazny ede kylyp erdiler.Seýdi tabutyny ýerdengötermezden burun,oglanlarnyň üstüge özün taşlap,aýtdy : --Waý, mydarym ogullar, waý, begenjim, guwanjym ogullar, waý, daýanjym, söýenjim ogullar, waý, tekýäm ýykdyňyz, içimýakdyňyz, dolgan tabagymny tökdiňiz, kuwwatym kesdiňiz, bilim üzdiňiz .Diýip,oglanlarnyň murdesyn gujaklap,bu gazalny aýtdy. Gazal Seýdi : --Turgaly ýokdur mydarym, kuwwatymdan aýrylyp, Tende janym, reňkde ganym, ülpetimden aýrylyp, Hem garybam, hem pakyram, döwletimden aýrylyp, Nobatny agýara berdim, nobatymdan aýrylyp, Galmady mejlesde söhbet, söhbetimdenaýrylyp, Mirhaýdar, Mirhesen atly näzik mezaç, biri gözüm nurydyr,biri anyň başga täç, Ne doga bolgaý ejabat,ne meniň içim rowaç, Ne doga bolgaý bu dertge, ne hekim etgeý alaç, Men geriftar- belaýam, rahatymdan aýrylyp. Waý-waý, Ýakup menem,perzent pyragynda ýagyn, Mirhaýdar jan Ýusupdyr,Mirhesen ibni-emin, Biri anyň göwher,birisi dürri-simin, Jebriniň oglanlary,ýene ikisi öldi hemin, Bolmuşam Eýüp, sabry-takatymdan aýrylyp. Buzruk oglum-Mirhaýdar,şir –oglum Mirhesen, Aryg oglum-Mirhaýdar,är oglum-Mirhesen, Näzik oglum-Mirhaýdar,nar oglum-Mirhesen, Ajdar oglum-Mirhaýdar,mar oglum-Mirhesen, Galmyşam keşwer-guşaýy,söwketimden aýrylyp. Artyk oglum-Mirhaýdar,at oglum-Mirhesen, Faryk oglum-Mirhaýdar,ýat oglum-Mirhesen, Hazanam oglum-Mirhaýdar,bat oglum-Mirhesen, Haraý oglum-Mirhaýdar,dat oglum-Mirhesen, Berf içinde galdym urýan,keswetimden aýrylyp. Awwalynda enesinden azaşyp galgan balam, Ahyrynda ýanar otga atasyn salgan balam, Dogdyňyz, dogmadyňyz,boldy bu gün ýalgan balam, Ömri az, derdi deraz,waý, namyrat ölgen balam, Mübtelaý- gam bolup men,eşretimden aýrylyp. Bu şirin janyňyzga janym pida,boldum geda,oglanlarym, Şum pelek etdi sizni menden jyda, oglanlarym, Ýagşy-ýaman barça takdyry-huda,oglanlarym, Seýdi diýer, neýleýin, boldum geda,oglanlarym, Ah, guwanjym, wah umydym, niýetimden aýrylyp. Elkyssa,Seýdi bu gazalny aýtdy. Erse üç mertebe seda kylyp, beýhuş bolup ýykyldy.Baz huşuga geldi.Halaýyklar zar-zar aglaşyp, ulug-kiçik Merdan-zenan hemme nala-pygan kaldylar. Aýtdylar : --Eý Seýdi, bu mürzelerni bizge bergil! Özümizge zyýarat-as tanasy kylarmyz! Diýip aýtdylar. Seýdi aýtdylar: --Andat kylyňlar! Diýip,rugsta berdiler. Halaýyklar gözlerin ýaş kylyp,urup synalaryn baş kylyp, Mirhaýdar we Mirheseniň tabutlaryny göterip, ýolga düşdiler.Seýdi oglanlarnyň yzyndan garap, ýyglaý-ýyglay gazalny aýtdy. Gazal Seýdi : --Pelek iki nyşan salmyş synamga, Biri dügünmidir, birisi dagym, Iki dag ýykylmyş meniň üstümge, Biri başym basmyş, biri aýagym. Gözüm nury Mirhaýdar, Mirhesen jan, Biri kazy-lukman, birisi selman, Bir günde ikisin eýledim gurban, Bir gijede öçdi iki çyragym. Ýaşlygynda enesinden aýrylgan, Kysmatynda ömri gysga berilgen, Wagty ýetmän,göklügine orulgan, El degmeýin syngan goşa pudagym. Mertlik etsem bolabilmen merdana, Ýürek titräp, süýeklerim lerzana, Eý, ýaranlar, boldy bu gün ýashana, Saz-söhbetli mejlis gurgan otagym. Haýdar çykdy elden, jan hem tenimden, Bu gün jyda düşdüm Mirhesenimden, Aýrylmadyk oglanlarym goýnumdan, Eý waý, boş goýupdyr doly gujagym. Duman basdy, çyka bilmen ümürden, Ýandym, bişdim, syýa boldum kömürden, Bagrym gaýym boldy daşdan, demirden, Kany sözlär tilim, eşter gulagym. Ýelkenim ýyrtyldy,döwüldi keştim, Çyksam bu deňizden,ýok meniň deştim, Tirsegimde tekýäm,başymda baştym, Mahmal ferşim, sil göterdi ýatagym. Meniň yşkym, zowkum,dürli hünärim, Galkanym,hanjarym, bilde kemerim, Kany bagyr bagym,ýürek damarym, Aldyrdym elimden alan baýragym. Hyjran tygy ýüregime darydy, beýik dagyň gary akdy,eridi, Seýdi diýer,iki çeşmäm gurydy, Suwsyz galdym,tebsiredi dodagym. Elkyssa, Seýdi bu gazalny aýtdy.Erse ýene Seýdiniň iki gyzy bar erdi.Biriniň ady Bibi patma erdi, biriniň ady Bibi zöhreerdi.Bular ýaş erdiler.Bibi patma atasynyň efganyny eşidip, ah urup aýtdy : --Waý, nazarkerde gardaşlar, bizlerni, eýesiz, hostarsyz naçarlaryňy kime tabşurup siz? Iki gardaş birden ölermi? Imdi kime gardaş diýeli, kimge söýeneli? Her niçek Mirhaýdar jan atamga aýtdy. Ol sözler rast boldy – Diýip, zar-zar, chun ebr-nowbahar ýyglap, bu gazalny aýtdy: Gazal Bibi patma: --Bu belalarga başy duchar bolgan gardaşlarym, Bir düşekde ikisi bimar bolgan gardaşlarym, Derdi choh, dermany yok,efkar bolgan gardaşlarym, Şanyga dem ajaly taýýar bolgan gardaşlarym, Adyňyz ne ýagşydyr,gurban bolaly adyňyzga, Oduňyz ne güýçlidir, biz köýeli oduňyzga, Sözüňiz rast geldi, sadka ustadyňyzga, Aferin, sad aferin, pähmet asyl zatyňyzga, Keşfi-esrary-jahan, äşgäre bolgan gardaşlarym. Kimge gardaş diýeli, kimge guwanyp gezeli, Çunki takdyrda galam beýle çalynmyş ezeli, Aglasam äşgär edip,diýsem mynasyp gazaly, Daglar çekmez bu derdimni, çäre yok biz dözeli, Ody köp, deri zabun, bisýar bolgan gardaşlarym. Teşne lep galdym çölüstan içre aglap zary-zar, Bizge ne hostar bolgaý, ne bizge bir gamgusar, Biri ölüp, birisi galmady bizge ýadygär, Kaysy birin aýtaýyn, derdim tükenmez bişumar, Artdy hyjran ataşy, harwar bolgan gardaşlarym. Bibi Patmanyň bu gün halyn perişan etdiňiz, Didesin ýaş, ýüregin suw, bagryn gan etdiňiz, Otlarga salyp, köňül şährini weýran etdiňiz, Mugjyz ile bu halaýyklaryny haýran etdiňiz, Meý içip çilten birle, perkar bolgan gardaşlarym. Elkyssa,Bibi Patma bu gazalny aýtdy. Erse bu mürzeler bu sözleri eşidip tururlar.Emma jowap gaýtara bilmezler.Lekin ölükge her söz diýseň eşitür, perman ýokdur jowap bererge,hal-til aýturlar : --Eý ata,waý doganlar,bizge töwella ýok.Rebbul-arbadan mysal gelipdir.Baky uýkyga alyp giderler. Bu gün aýralyk, hyjran günüdir.Ulus ilden jydalyk günüdir.Alla ýaryň bolsun!—diýip ýolga düşdüler. Erse galganlar musybat düşeginde olturyp, ahy-pyganlar çekip, aglamakdan owazy tutulyp, ulug matamda boldular. Imdi bu söz bu ýerde dursun.Naçarlar sözün aýtmaly.Habarda andag turup: Seýdiniň aýal-doganlary üç erdi.Biri Orazbagt, biri Garry, biride Orazbibi, bu welaýatda ýok erdi.Arkaç welaýatynda erdi.Garry, Orazbagt bu welaýatda bar erdiler.lekin bu işden heniz bihabar erdiler.Benägäh alarga habar ýetişdi. Orazbagt ah urup,perýat edip,nala-pyganlar tartyp,ýakasyn çäk edip,ýüzün häk edip,saçyn ýaýyp, ýüzün ýyrtyp,tamam agzasyn jerahat kylyp, endamyndan gan aka başlady. Ýolga düşdi.Gelip gabr üstüge ýetüşdi.Oşol wagt garry hem ýetüşdi.Gördüler,halklar gabr gaza tururlar.Gördüler iki gardaşlary hem ýanaşub ýaturlar.Ol wagt bir ah urup,özlerin gardaşlary üstüge taşlap,beýhuş boldular.Bir huşga gelip,har kaýsy birin gujaklap,zar-zar aglap,bu gazalny aýtdy. Gazal Orazbagt bu turur: --Begenenim,guwananym, Dünýäm,boý,boý,boý,boý,boý, Görer gözüm, ýagty günüm, Didäm, boý,boý,boý,boý,boý! Gökden daş düşdimi sizge? Ýer agzyn açdymy sizge? Berekella ataňyzga, Töräm, boý,boý,boý,boý,boý! Bolganda bir-bir bolganlar, Tirkeşip,oýnap gülgenler, Ölgende birle ölgenler, Çyram, boý,boý,boý,boý,boý! Naçar apalaryň düzde, Diýdiler :(Öleli biz-de), Içde dügün,bitmez ýüzde, Ýaram, boý,boý,boý,boý,boý ! Naçar apalaryň gelip, Ýatsyn dünýäm,ýanyň alyp, Saçyn ýaýyp, başga salyp, Garam, boý,boý,boý,boý,boý ! Ýandym,bişdim,köýdüm otda, Gün görünmez, Aý bulutda, Il göçdi, galdym ýurtda. Obam, boý,boý,boý,boý,boý! Orazbagt diýer,gardaşlarym, Söwdaýa galdy başlarym, Goçaklarym,serhoşlarym, Mürzäm, boý,boý,boý,boý,boý! Baz Garry bu gazalny aýtdy: --Gara günden tutulmady, Başym, boý,boý,boý,boý,boý. Gara gözden kesilmedi, Ýaşym, boý,boý,boý,boý,boý! Başymga daglar ýykyldy, Içimde otlar ýakyldy. Ahymdan bir-bir töküldi, Dişim, boý,boý,boý,boý,boý! Arslanym, algyr guşum, Biri Soltan,biri ilçim, Tutaşdy ot aldy içim, Daşym, boý,boý,boý,boý,boý! Ne alaç eteý,ne alaç, Bagtym puçdyr,tagtym taraç, Neýleýin tapmasa rowaç, Işim, boý,boý,boý,boý,boý! Bakçada soldy gunça,gül, Gül üzüldi, öldi bilbil, Galdym haýran,gaçdy akyl, Huşum, boý,boý,boý,boý,boý! Boldy bagrym ezim-ezim, Içde ýürek üzüm-üzüm, Garry diýer iki gözüm, Gaşym, boý,boý,boý,boý,boý! Elkyssa bu iki biçäre bu gazalny aýtdy.Erse bu halklar Mirhaýdar we Mirheseniň lahatga goýar boldular. Oşol wagt Orazbagt lahatga özün taşlap: --Lahatga meni goýuň, meni gömüň!---Diýip, perýat urup,bu gazalny aýtdy.Gazal Orazbagt bu turur; --Meni gömüň bular gömülgen ýerde, Salmaň ýer astyga söwrim meniň ! Men ýataýyn bu gazylgan gabyrda, Galsyn bedel bolup mazarym meniň ! Açyň, didelerim ýüzün göreýin, Alar üçin şirin janym bereýin, Goýuň, bu gabyrga özüm gireýin, Hiç kimge ýetmesin azarym meniň ! „ Alys ýerden bir naçaryň geldi „ Diýip, „ Özün dagga – daşga urup öldi „ Diýip, „ Goýduk, oglanlaryň birle galdy „ Diýip, Eltiň gardaşlarga habarym meniň ! Musybat garasyn çaldym bu başga, Ýandym, bişdim, köýdüm, düşdüm ataşga, Daldasyz,kölgesiz galdym güneşge, Ýykylypdyr goşa çynarym meniň ! Ol gara gulpagyň, käkiliň, myrat, Aýrylmaz gözümden şekliň,myrat, Meňzemez oglanga, aklyň,myrat, Keramatlyga dünýäm, Haýdarym meniň ! Sizni görmez bolsa,çyksyn bu gözüm, Lal bolsun tillerim, bolmasyn sözüm, Hasrta birle geçer gije-gündizim, Aglamak – eňremek hünärim meniň ! Orazbagt diýer, meniň tutgan işimge, Tagbyrym rast gelmez,görgen düýşümge, Dag ýykyldy, daşlar degdi başymga, Turmaga galmady mydarym meniň ! Elkyssa,bu biçäreler özlerin lahat içige taşladylar.Halklar göterip çykardylar.Baz ýene taşladylar. Halklar ýene çykardylar.Baz özün urup, ýenjip, agzasyn jerähat kyldylar. Orazbagt Seýdige gözi tüşüp, zar aglap,bu gazalny aýtdy.Gazal orazbagt : --Gökde bulut oýnap,baran ýerige, Asmandan daş ýagyp,başlar syndymy? Pelek titräp,belent daglar erneşip, Degip bir-birige, daşlar syndymy? Asman bölek-bölek bolup gaçdymy? Gara ýer oýulup,aşak düşdümi? It uwlaşyp,il ýerinden göçdimi? Akyl dargap gidip, huşlar syndymy? Görer gözler ýerge gaçdy oýulup, Ýene dag üstüge dügün goýulup, Ýüz ýyrtylyp, gara saçlar ýaýylyp, Synalar owulyp, döşler syndymy? Çoh namardam, öldürmedim özümni, Neşter alyp çykarmadym gözümni, Ilim – günüm,siz eşitiň sözümni, Heniz tilim sözlär, dişler syndymy? Ýüküň ne agyrdyr,eý-waý myradym, oduň güýçli ýakar,boý-boý myradym, Galdym çölüstanda,haraý, myradym, „ Haýdar „ Diýip, gözümden ýaşlar syndymy? Pelek efsun urup,zäherin tökende, Kany Lukman, bu dertlerin çekende, Ýaş berrler bogulupdyr kökünde, Guzular gyrylyp, goçlar syndymy? Orazbagt diýer, dügün mende,dag mende, Dünýäm bu otlarga ýanyňmy sen-de? Tylladan eňguşter sandal üstünde, Çekiç degip, almaz gaşlar syndymy? Elkyssa,Orazbagt bu gazalny aýtdy.Erse ol wagt Seýdi ah urup,bu gazalny aýtdy.Gazal Seýdi bu turur : --Gözümge neştur urulmyş,bagrymga peýkan meniň, Synamga hanjar urulmyş, ýüregim lerzan meniň, Üstümge daglar ýykylmyş, başymga asman meniň, Agtaryp tapmaz hekimler derdime derman meniň, Ýakdy bagry ataşy-hyjran meniň, arman meniň. Mirhesen zeýgam sypat,misli gazanfar Haýdarym, Mirhesen bir-bir hysarym, Mirhaýdar haýbarym, Mirhesen gamgamy-seýfim,Mirhaýdar hanjarym, Mirhesen arslany-kerkim,Mirhaýdar ajdarym, Sordy ajdar zährini,ýyrtdy tenim arsalan meniň. Halkga bir dag uçrasa, men çünki muň dag urulan, Ordalary dagylyp,leşgeri birden gyrylgan, Kişdesin girdap alyp,göwheri derýa darylgan, Waý-waý, men bir azyz balalarymdan aýrylgan, Halymga gan aglaşur Eýran meniň,Turan meniň. Talyp bolup,eýleýir Kuran talawat özleri, Nereste ýaş ýigit,sahyp keramat özleri, Dünýä çirkinden weli, boldy salamat özleri, Waý,meni mähnetde goýup,tapdy rahat özleri, Ahym ody burk olup, eşkim bolup baran meniň. Ah, daryga,çökgen köňlüm, ýerinden galmaz bu gün, Dünýäniň nagşy-nigäry gözümge ilmez bu gün, Waý,iki olanlarym ýadymdan aýrylmaz bu gün, Gülüp, oýnap ol azyz balalarym gelmez bu gün, Tä ölinçä bu jiger-bagrym bolur suzan meniň. Iki gözüm didesi,dide daşynda agy ýok, Ten içinde ýüregim erip akypdyr, ýagy ýok, Öýken bilen bagrymnyň neden üzülmiş, bagy ýok, Urdy bir bady-hazan,solmuş gülüm ýapragy ýok, Hazan urup,sil apargan, bag meniň, bostan meniň. Geldiňiz dünýä ýüzüge awwal iki gardaşlar, Bir-biriňiz birle ýene bolup ýoldaşlar, Zähre döndi iýgenim, zakguna döndi aşlar, Seýdi diýer,neýleýin, bagrymga urdum daşlar, Çarhy-gerdun eýledi başymny sergezdan meniň. Elkyssa,Seýdi bu gazalny aýtdy.Erse gördüler, bu Mürzelerini alyp gitgenler halk resmi birle olarny depgin kylyp geleturunlar.Nala-pygan tartyp,eşitgenler,görgenler öýli-öýünden çykyp, oşol gün göýä bir ahyrzaman gopdy.Seýdiniň derdi öňkiden zyýada bolup, pygan-nala kylyp, bu gazalny aýtdy.Gazal Seýdi bu turur: --Bu bizniň baýram günümiz,aýdy-gurban aglaşur, Ýyglaşyp gökde melek,ýerde ynsan aglaşar, Dagga barsam ýas tutup,çöllerde meýdan aglaşur, Andalyp galdy kapasda, bagy-bostan aglaşur, Bilbil oldy binowa, bag içre bagban aglaşur. Göz guwanjym Mirhaýdar,intezarym Mirhesen, Nowbaharym-Mirhaýdar,lälezarym-Nirhesen, Bar mydarym-Mirhaýdar,şasuwarym-Mirhesen, Şah oglum-Mirhaýdar, şasuwarym-Mirhesen, Ol Seýit,guşçi, hyzyr, Gazwini-Tähran aglaşar. Ýatdan bolan ýakyn halk sizni gardaş etdiler, Sopy, durdy aglamakdan gözlerin ýaş etdiler, Geldi Gurbandurdy aglap,synasyn baş etdiler, Ähri gabrystanga gelip,halk sizni baş etdiler, Mämi, Pygambarguly çäki-girban aglaşur. Dag niçe bolsa belent görmüş jepany gar birlen, Çöl niçe bolsa guşat köýmüş-de ýanmyş nar birlen, Waý, oglum, Mirhesen,bolduň jyda Haýdar birlen, Il ogly ol balam, Tagangylyç Serdar birlen, Berdibaý,Amangylyç- hemmesi ýeksan aglaşur. Ah urup, matam tutup,Jandurdy,Muhammetdurdy hem, Baş bolup gözýaş edip,Şamar , Allaberdi hem, Hem Oraz köp,hem Orus,hem Berdi,Girmandurdy hem, Men dowasyz bendäni dermansyz artup derdi hem, Agtaryp tapmaz hekim,derdime dermen aglaşur. Bilbil öldi, gunçaýe-gülzarym elden gitdi,waý, Iki şährim ot lyp,bazarym elden gitdi, waý, Teblee gelmez,iki şuNkarym elden gitdi,waý, Käkili müşki hotan,tatarym elden gitdi,waý, Ýusubymdan aýrylyp,Ýakuby-kengan aglaşur. Kysmatymdyr,bagtymga gara çalynmaý neýlesin, Dert içimde dolduryp, halkga bilinmeý neýlesin, Et gidip,ganym gaçyp,süňňüm sylynmaý neýlesin, Para-para bölünip,bagrym dilinmeý neýlesin, Seýdi diýer,ahymga ýer birle asman aglaşur. Elkyssa,Seýdi bu gazalny aýtdy.Erse musybat düşgende olturgan halaýyklar hemme gözýaş edip,başlaryny aşak salyp,olturyp ýygladylar.Ol wagt biçäre Orazbagt agasynyň efganyny eşidip,ýüregi para-para bolup,özi ýyglamakdan goýup,agasy gaşyga gelip aýtdy : --Eý agajan ! janym saňa pida bolsun! Sen Hudaý-tagalanyň belasyga sabyr kylyp,kysmatga razy bolgul.Lekin bu ýyglamak hatunlar işidir.Bizge dessur bergil.Bir ýyglarmyz.Bu jepalarny biz çekeli.Bu otlarga biz ýanaly.Sen bu musybatdan yrak turgul ! ---Diýip,bu gazalny aýtdy.Gazal Orazbagt: --Ýyglama,gardaş, ýyglama, Ýyglamak naçar işidir. Hak emrige bol merdana, Merdanlyk- är işidir. Her kim bolsa aty temiz, Şükür eder bu işige heniz, Haldan düşüp , bolsa ejiz, Ejizlik bimar işdir. Dolup dürmüş ajal tasy, Kim gaçyp tapar halasy, Halk emridir, bolma asy, Asy-lyk betkär işidir. “ Ogul “ diýip, çykma sähraýa, Gel otur,şükür et hudaýa, Ýetişmez bende haraýa Ýaradan jepbar işidir. Daglaýyr,pelek daglaýyr, Dünýä ýüzi ýas baglaýyr, Sen ýyglama, halk ýyglaýyr, Ökünmek dost-ýar işidir. Çekseň Ýakubiniň jebrini, Tile Eýupunyň sabryny, Tutmaýyn halkyň emrini, Meň etmek küffar işidir. Orazbagt diýer,otga düşmek, Otga düşüp, ýanyp bişmek, Bu dertdin bile çekişmek, Gam çeken gamhor işidir. Elkyssa, Orazbagt bu gazalny aýtdy.Seýdi andak aram boldy.Hudanyň hökümige ne çäre bar ! Imdi bu söz bu ýerde dursun.Sözni Mahdumzadalaryň enesinden aýtaýly.Alarnyň dogan eneleri Toty erdi. Totynyň enesi Merýem erdi.Toty ölgenden soň Merýem bu oglanlarnyň jepasy birle ýar bolup,belasyga geriftar bolup,muşakgatlyk birle birin arkasyga göterip,birin gujagyna göterip,ýüz-muň hunabalar ýuwup,perweriş kylyp,şu destur birle bu oglanlaryny saklap erdi.Merýem bu hekaýatlardan bihabar erdi.Özi hem zyýada näsag erdi, hal üstünde.Elgaraz, kasytynyň bu mürzelerniň hekaýatlaryny Merýemge habar berip,aýtgan gazaly bu turur. Gazal kasyt: --Merýem,saňa bir-bir beýan eýläýin, Kiriş bolsaň , kemanyňdan aýryldyň ! Kemanda tört perli gyzyl gez –okuň, Daşga degdi,peýkanyňdan aýryldyň ! Çeşmeleriň guryp,suwy çekildi, Akykyň, merjeniň derýa töküldi , Beýik şähriň, emaraty ýykyldy, Bazaryňdan,dükäniňden aýryldyň ! Bu tagun belasy düşüpdir ilge, Bady-hazan degdi bakjada gülge, Hany ýelge dalda,güneşde kölge? Menleiňden,mekanyňdan aýryldyň ! Höküm Huda-oglanlaryň gyryldy, Iki ýerden iki dügün uruldy, Ýaryş boldy,ýügrük atyň ýoruldy, Bedew öldi,meýdanyňdan aýryldyň ! Huda sizge bersin sabyr, kuwwat, Sabyrly gul taňla görer jenneti, Ol gözüň çyrasy,köňül ülpeti, Mejlesiňden,diwanyňdan aýryldyň ! “ Ene “ diýip,ýoluň gözläp telmürgen, “ Göteriň ! “ Diýip, her kimge bir ýalbargan, Ahyrynda “ Enem “ diýip jan bergen, Ýüzün görüp doýmanyňdan aýryldyň ! Atalary çykmaz külbe-ahzandan, Bu günler ýamandyr ahyrzamandan, Kasyt aýdar, Haýdar geçdi jahandan, Mirhesen dek jananyňdan aýryldyň ! Elkyssa,kasyt bu gazalny aýtdy.Erse Merýem bir ah urup,beýhuş bolup ýykyldy.Baz huşga gelip aýtdy: --Waý,balalarym ! Waý,namyrat nöwça guzylarym ! Waý beçelikde öldüňizmi ?!-diýip,hasta haly birle bu gazalny aýtdy.Gazal Merýem bu turur: --Jellat agzyň ýene ganga batyrdyň, Ganlym pelek,Mirhaýdarym neýldiň?! Bu işler ne işdir,başga getirdiň. Körpe guzym Mirhesenim neýlediň?! Ganlym pelek,Mirhaýdarym neýldiň?! Körpe guzym Mirhesenim neýlediň?! Gyzl gülüm nowçalykda soldurdyň, Göre gözüm gan-ýaş bilen doldurdyň, Sen kimni şat etdiň,kimni güldürdiň, Körpe guzym Mirhesenim neýlediň?! Derdim bar,tebip ýok,ýaram bar-melhem, Turarga halym ýok,uçarga per hem, Bararga jaýym ýok,girerge ýer hem, Ganlym pelek,Mirhaýdarym neýldiň?! Körpe guzym Mirhesenim neýlediň?! Ekledim,sakladym,çykdym gyraga, Görmedim ýüzlerin,düşdüm yraga, Rehmiň gelmez men dek bagty garaga, Ganlym pelek,Mirhaýdarym neýldiň?! Körpe guzym Mirhesenim neýlediň?! Süleýman hökümlim,asyf akyllym, Pygambar nyşanly,arkasy halym, Ol Ýusup jemallym, gara käkillim, Ganlym pelek,Mirhaýdarym neýldiň?! Körpe guzym Mirhesenim neýlediň?! Balamnyň balasy balam görünmez, Il geçdi ýurdundan, obam görünmez, Bir agaçda iki miwäm görünmez, Ganlym pelek,Mirhaýdarym neýldiň?! Körpe guzym Mirhesenim neýlediň?! Merýem diýer, bu otlarga düzmenem, Öltirin özümni,tirik gezmenem, Talygy bet menem,bagty boz menem, Ganlym pelek,Mirhaýdarym neýldiň?! Körpe guzym Mirhesenim neýlediň?! Elkyssa, Merýem bu gazalny aýtdy.Erse näçägligi awwalkydan zyýada bolup,gaýra üzüldi.Turarga rowgat bolmady,haly perişan boldy. Imdi bu söz bu ýerde dursun.Sözni Seýdiden aýtaly. Rawylar andag rowaýat kylarlar kim,Seýdi her wagt ýatar bolsa, oglanlarnyň her kaýsynyň bir gujagyga alyp ýtar erdiler.Oglanlary hem atasyny ysgap ýatar erdiler.Atalaryndan bir dem jyda bolmaz erdiler.Ol wagt ýanyga jemagatlar ýygylyp erdiler.Alar öýli-öýlerge gitdiler.Seýdi hem başlaryn ýerge goýup, bir zaman ýataýyn diýdi.Ýatdy.Erse fil-hal oýgandy.Erse hyýal etdi,oglanlar goýnunda bar turur diýip.Sag tarapga nazar kyldy,gol uzatdy,Mirhaýdaryny tapmady.Sol tarapga gol uzatdy.Mirheseni görmedi.Ol wagt bir ah urup,nala-pygan tartyp,zar-zar aglap,bu gazalny aýtdy.gazal Seýdi : --Begenjim,guwanjym,görküm oglanlar, Görkümden aýrylyp,görksüz galyp men. Kumaç donum,başda börküm oglanlar, Börkümden aýrylyp,nörksüz galyp men. Pelek maňa niçe sütemler kyldy, Hem ýüregim ýardy,hem bagrym dildi, Bagrym hazan urdy,ýapragym soldy, Berkimden aýrylyp,berksiz galyp men. Döwlet geldi,emma geçdi durmaýyn, Galdym ogul guwanjyny görmeýin, Dawut kimin bir sejdeden turmaýyn, Kyrkymden aýrylyp.kyrksyz galyp men. Kany hökümrowan iki soltanym? Kany azym şährim,altmyş dükanym? Gurulgan gorganym.erkim, mekanym, Erkimden aýrylyp,erksiz galyp men. Guwanjym Mirhesen,kuwwatym oglan, Kesildi kuwwatym,halym perişan, Bagyr bagym,ýürek örküm,Haýdar jan, Örkümden aýrylyp,örksüz galyp men. Seýdi diýer,Mirhaýdarym mert ogul, Dogumynda Mirhesenim tört ogul, Alçy ogul,çalçy ogul,gurt ogul, Kerkimden aýrylyp,kerksiz galyp men. Elkyssa, Seýdi bu gazalny aýtdy.Erse halaýyklar Seýdinniň nala-fyganyny eşidip ýygylyp geldiler. Aýtdylar : --Eý Seýdi ! janymyz saňa pida turur.Näge ýyglar sen ? –Diýip, aýtdylar.Ol wagt Seýdi aýtdy. --Eý ýaranlar ! Meni apy çekdi.Men ýyglamaý, ne kylaýyn.Ýylan zähri ýamandyr ! –Diýip bu gazalny aýtdy. Gazal Seýdi bu turur. --Bagyr para bolup,ganga dönmezmi, Apy gelip,ajdar gelip çykansoň? Ýürek hem ezilip,suwga dönmezmi, Içýan gelip,möýler gelip sokansoň? Men iki çalmyşam bir günde gurban, Gala turmaz başdan,serpilmez duman, ýagty jahan niçek bolmasyn zyndan, Görer gözüň ikisi hem çykansoň? Tapmanam dünýäniň tört künjün gezip, Tamag ýolun kesip,umydym üzüp, Tap getirip,hergiz bolarmy düzüp, Ot tutaşyp,iki ýerden ýakansoň. Pelek niçelerge “dostum” diýensoň, Alarnyň ojagyna ganlar goýansoň, Niçek kuwwat tapsyn,niçek daýansyn, Ýürek ýagy syryp,erip-akansoň. Aýryldym şirimden,esrik nerimden, jyda düşdüm,ganatymdan, perimden, Ýüküm agyr,tura bilmen ýerimden, Kamatym ham kylyp,bilim bükensoň. Jany hyjran güllesige hedepdir, Gussa gerdenimi gyýgan tanapdyr, Jesset bir derýadyr,köňül sadapdyr, Guwwas gerek,alyp bolmaz çykansoň. Men bilmedim,sökeldigim,sagdygym, Kişi bilmez näçagdygym,çagdygym, Katra-katra kaşyk birle ýygdygym, Elge gelmez,tabak birle tökensoň. „ Ogul !“ Diýdim,bäş gün ogla guwandym, Bu gün men alarnyň oduga ýandym, Imdi baran neýlär,ýandym,örtündim, Ýel aparyp, külüm arşa çykansoň. Seýdi diýir, şükür eteýin Hudaýa, Haly bolup galgan gury saraýa, Köňül niçik aldanur sen dünýäýe, Iki ogluň awusyny çekensoň. Elkyssa,Seýdi bu gazalny aýtdy.Erse bir niçe wagt hüjräge girip,bagryn sowuk ýerge berip ýatdy. Bie niçe wagtdan soň ýene ýüregige howul düşüp,takat kyla bilmeý,gabrystanga ýöriş kyldy.Zyýarat gapysyga baryp aýtdy : --Eý gözümniň nury,köňlüm ýyragy perzentlerim ! Ataňyznyň halyndan habar almaý siz?pyragyňyzda ýanyp, örtenip heniz kül bolmaz men.Kany sizden wepa görgengim?! Diýip, ýyglap,oglanlarnyň gabryn gujaklap bu gazalny aýtdy.Gazal Seýdi : --Akyl-huşumny alyp,haýran etgen oglanlar ! Tahtymny taraç kylyp,weýran etgen oglanlar ! Hijr oduga köýdürip,berýan etgen oglanlar ! Ýüregim suw,gözlerim gerýan etgen oglanlar ! Gözde ýaşym akyzyp,baran etgen oglanlar ! Nöwbaharym Mirhaýdar,nöwjuwanym Mirhesen, Kany ol näzik jenanym,kany ol şişe-şeken, Kany ol şirin zybanym,kany ol müşki – hotan, Her sözi lagly-badahşan, gymmaty şähre Ýemen, Halk içinde adyny destan etgen oglanlar ! Waý,waý,Imdi meniň bagtym gara boldy,neteý, Kany peýda görgenim,gury jepa boldy, neteý, Iki oglum azaşyp,menden jyda boldy,neteý, Hasta halymga meniň kimden şepa boldy,neteý, Dertli janym derdige derman etgen oglanlar ! Tifl-idiler,Jebraýyl beşiklerin yrgatdylar, Çarh urup,Süleýman birle ýedi deizden ötdüler, Jurgaý-jamyny ylahydan alyp,meý tutdular, Gulzumnyň derýasyny çilten birle keşt etdiler, Gümmezi-ahzarga baryp,seýran etgen oglanlar ! Tokuzyňda Mirhaýdar tutdy hak permanyny, Ýedisinde Mirhesen içdi ölüminiň jamyny, Haýdar puştunda nagş etmiş Muhammetiň mamyny, Batynynda bilege dakmyş Aly gamgamyny, Uçraşursa döw, peri, burran etgen oglanlar ! Eý , baharnyň lälesi,bakjalarnyň ter güli, Gülleri aşýan etgen,bag-eremniň bilbili, Ah, Mirseýit hesen,wah,Seýit Mirhaýdar weli, Käkili,gulpaklary sekiz behişt sünbüli, Kaýda bara, ol ýerni bostan etgen oglanlar ! Eý iki alynesep, waý, iki alyjenap, Biri ýeiniň diregi, biri semada apytyp, Kuhy-seňge bir nepes ursa alar, etgeý harap, Seýdi diýer, men olarnyň oduga boldum kebap, Janlaryn hak yşkyga gurban etgen oglanlarym ! Elkyssa, Seýdi bu gazalny aýtdy.Erse bir niçe muddet aradan geçdi.Seýdi : --Eý dünýä,biwepa dünýä !Döwletimden aýryldy,.Bu döwletden maňa paýan bolmady—Diýip ,bu gazalny aýtdy.Gazal Seýdi bu turur: --Guwanmagyl,köňlüm pany dünýä, Saňa bu döwletden paýan bolmasa. Murda bolup,gabrystanda degilem, Zindeligim halkga aýan bolmasa. Neýläýin bolmasa köňül kuwwatym, hakdan tiläp ala bilmen myratym, Iller dek bolmazmu ogul zürýatym, Eger meniň bagtym ýaman bolmasa. Ademden awwaly bar etdi bizi, Çeşmelerim guryp,gömülmiş gözi, Gözümge garaňky dünýäniň ýüzi, Aýym tulug edip, röwşen bolmasa. Köňlüm ajyz düşdi,gözüm zar galdy, Ýurdum haly boldy,başym hor galdy, Öçdi çyrag, ojaklarym kör galdy, Uýmuş bagtym,imdi oýan bolmasa. Ogulsyznyň aglamakdyr pişesi, Mydam synyk bolup köňül şişesi, Üzükdir,synykdyr köňül köşesi, Harap alyp,halyn soran bolmasa. Diýseler: “Ogly ýok pylan-pylanyň” , Ogulsyz köňül aç,gözi gallaçdyr, Ogulsyz bir köki guran agaçdyr, Niçik gögär,gökden baran bolmasa. Talygym şor boldy,bagtym keç boldy, Awwalym hoş boldy, soňum hiç boldy, Aýym halka urup,ýaşdy, puç boldy, Ogulsyz garaňky jahan bolmasa. Seýdi diýer,ahyrzaman günlerim, Gara geýip, eşki-rowan günlerim, Men aglamaý,kim aglasyn janlarym, Mende ogul atlyk nyşan bolmasa. Elkyssa, Seýdi oglanlaryň destanyny tamam etdi.
|