| Dostum |
Meniň söwer dostum bar‚ Aýrylmaz ondan ýürek. Görüşýäs¸ söhbetleşýäs‚ Ol maňa her gün gerek.
Arzyly söhbetleri Şirinden şirin onuň. Gämsiz deňze gider‚ Sözleri tereň onuň. Açar Ýeriň syryny‚ Öwrener ýyldyzlary. Teswir eder tomusy‚ Güýzi¸ gyşy¸ bahary‚ Çaýlardan¸ deňizlerden‚ Bulaklardan söz açar. Tokaýlardan¸ düzlerden‚ Ýaýlaklardan¸ alysdan ــــ Uzaklardan söz açar. Onuň beýik hünäri Daglar ýaly kalbydyr. Her alymyň akyly‚ Aň-hyýaly kalbydyr. Kim söýmez beýle dosty‚ Bar onuň müň hikmeti. Kimiň bolmaz kitaba Muhabbeti¸ hormaty?!
Mähti SEÝITZADA Azerbaýjan şahyry Terjime eden: Atamyrat Atabaýow Taýýarlan: Türkmen kultur ojagy
|