Myhman Depderçämiz

Facebookda paýlaş

Eser gözle

A. S. Puşkin (Rus şahyry)
Berilen Baha    (0 baha)
Näçe gezek okaldy? 590
Halanlaryň Sany 33

Kerim gurbannepesowyň "Türkmenistan" neşiryati tarapyndan 1986-njy ýylda çap edilen "Dostluk çemeni" terjimeler kitabynda:


Ýadymdan çykanok şol täsin pursat:
Geldiň-de gaşyma gülgün jemally,
Gaýyp bolduň gitdiň misli alamat,
Tämiz gözelligiň genisi ýaly.

Namut hasratlaryň ezýetin sorup
Gopgunly, şowhunly galagoplukda,
Seniň eziz keşbiň düýşüme girip,
Näzik sesiň ýaňlanypdy gulakda.

Ýyllar ötdi. Gaý-tupanlaň owsuny
Dargatdy ýüregmiň öňki hyýalyn.
Unutdym men seniň näzik sesiňi,
Ýatdan çykdy seniň täsin jemalyň.

Çolalyda, bendiligiň tozunda
Asuda uzalyp güneşsiz günler,
Tirkeşdi-de geçdi yzly-yzyna
Ylhamsyz, söýgüsiz, gözýaşsyz günler.

Soň ýene täzeden oýandy ýürek:
Ýene peýda bolduň täsin jemally,
Ýene-de göründiň bir alamat dek,
Tämiz gözelligiň genisi ýaly.

Ýaňadan nur saçdy ömrümiň ýoly,
Ýene gaýdyp geldi tagamly günler,
Söýgüden, durmuşdan, gözýaşdan doly,
Muhabbetden doly, ylhamly günler.

 


Ýeri : Terjime eserler, Terjimeler
Şu eseri başga bir websaýtda satita et Haladym Print Et Dostyňa Iber
 

Syn ýaz


Kod
Silkele