Myhman Depderçämiz

Facebookda paýlaş

Eser gözle

Iň Soňký Aýdymym
Berilen Baha    (0 baha)
Näçe gezek okaldy? 540
Halanlaryň Sany 28

Kerim gurbannepesowyň "Türkmenistan" neşiryati tarapyndan 1986-njy ýylda çap edilen "Dostluk çemeni" terjimeler kitabyndan

 

Uzaklara seredýärin:
Dag-düz, asman - giden giňlik,
Meniň weli ýatan ýerim
Hem aňkap dur
Hemem tümlük.

Ak ganatly bir guşjagaz
Pasyrdap ýör al-asmanda.
Men weli elim gandally
Ýatyryn porsy zyndanda.

Gyzylja gül gök meýdanda
Atyr ysyn saçyp otyr.
Musa bolsa çyg zyndanda
Läbikli suw içip otyr.

Ýaşamak nähili süýji!
Ne ajap ömri adamyň!
Men weli häzir ölmeli,
Bu aýdym -
Soňky aýdymym.

Awgust, 1943 ý.

Musa Jelil (Tatar şahyry)
 

 


Ýeri : Terjime eserler, Terjimeler
Şu eseri başga bir websaýtda satita et Haladym Print Et Dostyňa Iber
 

Syn ýaz


Kod
Silkele