| ÇOH ARMAN SENİÑ |
Wadaryga, ötdi ömrüñ, Meñli hoja han, seniñ, Ayralykda bu janymda galdy çoh arman seniñ , Her kişi görse bu halyñ, boldy bagry gan seniñ, Ähli – beytiñ aglaşyp köp, etdiler efgan seniñ , Hiçunutmaz il- ulus ol etdigiñ yhsan seniñ . Gelene garşy çykyp, hyzmat edrdiñ jan bilen , Ençe döwranlar sürüp, halwat ederdin han bilen, Barysy boldy yalan, ol gudraty sübhan bilen,
Synada goyduñ düwün , öldün garyp , arman bilen , Tutdular yasyñny ol aga- ini , dogan seniñ . Bu pelekniñ zulmy birle sen watandan ayrylyp, Düşdüler uf tada, ajyz, at önünde sürülip, Bir niçeler gara batdy, galdy laya garylyp, Bir niçesi çykdy laydan, birniçesi gyrylyp, İli – halkyñ boldular bu deşt era weyran seniñ. Hayyp, gitdi bu jahandan yagşy adyñ sus bolup, Halk ara düşdi habar, gynandy amu –has bolup, Titredi asman zemin,yykyldy daglar pes bolup, Arzuwyñny eşidenler gayybandan dost bolup, Görmäge didaryñy muştak idi Eyran seniñ. Çarhy-keçrew al edip, yoluña gurdy duzagy, Tä ki ölmezden burunrak, eyledi göz tussagy, Beylemiş takdyr ozalda, çekdi Ürgenç topragy, İndi şükr etmekten özgeçaresi yokdur dagy, Aydyar bolsun Zelili, hemrahyñ iman seniñ.
|