Myhman Depderçämiz

Facebookda paýlaş

Eser gözle

AGZYN AÇYP DURUPDYR
Berilen Baha    (0 baha)
Näçe gezek okaldy? 207
Halanlaryň Sany 16


Sermest bolup, bigâm gezme kemlenip,

Dünyä ajdarhadyr, yatyr jemlenip,

Ynsap edip, “Besdir” diymez şamlanyp,

Bu bir doymaz, agzyn açyp durupdyr.

Dünyä gelen geçer, öter bary sap,

Abat hanaň ahyr, bolgusy harap,

Sen mysaly goyun, dünyä bir gassap,

Dannamaz, ganyňy saçyp durupdyr.

Mekri-şeytan aldagyna ynanyp,

Yatma gaflat içre, turgun oyanyp,

Bu yanan çyraňa gezme guwanyp,

Suw düşüp, bu çyraň öçüp durupdyr.

Hayyr gazan, ömrüň ötüp barasy,

Betkär bolma, gitmezyüzüň garasy,

Gadam urgan jayyň gabryň gyrasy,

Basan yeriň ahmal, uçup durupdyr.

 

Hazan urar bakjalary, solar gül,

Bir tymsaldyr, durmaz, öter ayy-yyl,

Dünyä yol üstünde düşelge-menzil,

Gelen dynyp, gonoup-göçüp durupdyr.

Zelili diyr, amanatdyr bu janyň,

Bir gün ajal tutar yakaňdan seniň,

Azyz agzalaryň, gül dek bedeniň,

Ahyr yer goynuny guçup durupdyr.


Ýeri : klassiklerimiz, Zelili
Şu eseri başga bir websaýtda satita et Haladym Print Et Dostyňa Iber
 

Syn ýaz


Kod
Silkele