Myhman Depderçämiz

Facebookda paýlaş

Eser gözle

AÑSA
Berilen Baha    (0 baha)
Näçe gezek okaldy? 244
Halanlaryň Sany 19


Gullugynda gorkan gul hojasyndan,

Begliginde titrär ber sesiň aňsa;

Çeşim ataşyn aln pes düşman däldir,

Pil peşäge döner kerk sesin aňsa.

Yagşy söze yatan bimar dayanar,

Agsak agaç tapsa, bir-bir begener,

Aç alakjap gezen gurtlar guwanar,

Çölde yaban galan har sesin aňsa.

Gaçgynçylar deşt içre bir il görse,

Yolun bilmän, yoldan azan yol görse,

Hyz-haramy, garakçylar mal görse,

Derwezeban yatmaz “Tur” sesin aňsa.

 

Çyn goçaklar öz-özünden eder çoş,

Kärsiz äre yokuş deger zerre iş,

Läş üstünde menem diyen garaguş,

Dura bilmez, üytgär, tir sesin aňsa.

Goyun bilen gurduň düz gelmez bamy,

Her janawaryn bar belli bir iymi,

Ol tygly malahdyr jöwen ganymy,

Gürlär, howa galar, sar sesin aňsa.

Etdik käri betha, asy jafylar,

Sokar tenlerinden gäw dek afylar,

Ayallara menlik satan sopular,

Eglenmez, süpürler, pir sesiň aňsa.

Akyl adam halka nesihat saçar,

Akmak adam döker, öz aybyn açar,

Şir görmän, tilki diyr: “Şir menden gaçar”,

Emma ökje ogurlar, şir sesin aňsa.

Algyr gurtdan seg özüni yeg sayar,

Yolbars atan läşden “Şir” şagal doyar,

Gurlamaz gurbaga sazyny goyar,

Dem tartmaz, güm bolar, mar sesin aňsa.

Zelili diyr, gözläň yaryň syratyn,

Päk bolsun, pähm ediň aslyny, zatyn,

Är gylygyn bilen sypayy hatyn,

Sözlemez, sem bolar är sesin aňsa.


Ýeri : klassiklerimiz, Zelili
Şu eseri başga bir websaýtda satita et Haladym Print Et Dostyňa Iber
 

Syn ýaz


Kod
Silkele