| BAŞDA BELLİDİR |
Boljak yigit yaşlykdan, Ol owwal başda bellidir; Ula-kiçä özün aldyr, Deň bilen duşda bellidir. Birewe yoldaş bolanda, Gatnaşyp, gardaş bolanda, Yagşy-yaman iş bolanda, Çyn dost geňeşde bellidir. Bir niçe adam çen bilen, Çeni gatadyr çyn bilen, At tanatdyrmaz syn bilen, Yüwrük yaryşda bellidir. Köp goşun başlan serdarlar, Mert kişiler gider barlar, Namart gury öyde gürlär, Batyr söweşde bellidir. Her kişiniň bolsa akly, Söz jayynda sözlär hakly, Uzak yola agyr yükli, İner gidişde bellidir. İlden yrak çöl ülkede, Şir sayar özün tilki-de, Suhangöyler märekede, Jomartlar aşda bellidir. Zelili diyer, serhoşlar, Yorga münüp, yüwrük goşlar, Eyesin islän derwüşler, Säher göz yaşda bellidir.
|