Myhman Depderçämiz

Facebookda paýlaş

Eser gözle

BİLMEDİM
Berilen Baha    (0 baha)
Näçe gezek okaldy? 198
Halanlaryň Sany 23


Ey yaranlar, jynmy ya beşer ekenmi, bilmedim,

Al-arwah, çory, peri-peyker ekenmi, bilmedim,

Dişleri lagly-sadap ya dür ekenmi bilmedim,

Saçy sünbül, simu-zer, ziwer ekenmi, bilmedim,

Efgy marmy saçlary, zunnar ekenmi, bilmedim,

Durdum, oylandym yene, bolsa gerek bu perizat,

Görner bogaz istihany gözüňden hem dury zat,

Jemal içtre bir Yusup, bolmaz barabar gayry zat,

Asylyp dur fofky-sadry turfa esneyn ary zat,

Ya turunç, ya desse gül, ya nar ekenmi, bilmedim.

Sallanyp çykdy düze, tayry humay dek sözleyip,

Nägehan görgeç yykyldym, mest bolup, soň ayylyp,

Bagladym şanyna destan, çoş edip, yşkym gelip,

Gündogardan günbatarga ötdi yalkymny salyp,

Ya ataş, ya bir kuyaş, kamar ekenmi, bilmedim.

 

Munuň dek tuby nemerse gözlerim hiç görmemiş,

Düşgeç aynym wejhine, geldi bahar, ol ötdi gyş,

Boldy şat gaygyly köňlüm, pikir-gam endişe daş.

Degdi yek şolzaman, kakdy enfe buyy hoş,

Müşkmi ya anabarmy, ya kafur ekenmi, bilmedim.

Her kişi goynyga girse, jenneti etmes höwes,

Sorgan era leblerin gandy-nabat hajat imes,

Ham-hyyala zypar, göwher, altyn, kümüş, mis imes,

Diyr Zelili, gül zenahdan, kirpigi peykam imes,

Gyydy bagrym, gamzasy hanjar ekenmi, bilmedim.


Ýeri : klassiklerimiz, Zelili
Şu eseri başga bir websaýtda satita et Haladym Print Et Dostyňa Iber
 

Syn ýaz


Kod
Silkele