Myhman Depderçämiz

Facebookda paýlaş

Eser gözle

ÇAŞY
Berilen Baha    (0 baha)
Näçe gezek okaldy? 173
Halanlaryň Sany 20


Gaya başynda otlar sen,

Baryp sen kenara, Çaşy;

Bir belent yerden yykylyp,

Bolar para-para, Çaşy.

 

Töwallam oldur ki saňa,

Gel, başyň sokma bu jeňe,

Aklyň bolsa, pähm et muňa,

Ak kaysydyr, gara, Çaşy?

Hiç töwalla gelmez sen,

Söz magnysyn almaz sen,

Başyň çykara bilmez sen,

Galar sen azara, Çaşy.

Kim aryfdyr, saklar tilin,

Welidir, bilse öz halyn,

Setdaralar sünse golun,

Yetermi Kamara, Çaşy.

Bar daşdan göwher bolarmy,

Her kim gymmatyn bilermi,

Görüp, deregne alarmy,

Mis biläni nukra, Çaşy.

Kişi rast rahyndan däner,

Bilmez özün, ulug sanar,

Kezzaplaryň taňla döner,

Suraty hunrize, Çaşy.

Terk edip watan-mülki,

Öz-özüňe etme gülki,

Şir zarbyny görmän tilki,

Dem çeker ol şire, Çaşy.

Göz yaşym akar, sogular,

Yüz müň gam uşar, dagylar,

Jümle haşratlar yygylar,

Eger kylsam nagra, Çaşy.

 

Ki men bir ah ursam eger,

Agzymdan ot, yalyn çykar,

Yer yüzüni tamam yakar,

Bir zat goymaz zerre, Çaşy.

Alnymda magşar guruldy,

İki käse mey berildi,

Hakdan agmalym görüldi,

İçip galdym zora, Çaşy.

Zelilini hak halapdyr,

Hiç kim diymez sözi lapdyr,

Bet işden synasy sapdyr,

Dogry dur, jepbara, Çaşy.


Ýeri : klassiklerimiz, Zelili
Şu eseri başga bir websaýtda satita et Haladym Print Et Dostyňa Iber
 

Syn ýaz


Kod
Silkele