| ÇEKMELİ BOLAR |
İlim-günüm, boluñ munda merdana, Gün-günden köp jepa çekmeli bolar; Lala dönüp, bir wagtky dürdäne, Sayran diller entek gapmaly bolar. Yurdumdan ayryldym, yanar yüregim, Tä ölinçäm abraydyr geregim, Elimde bolaysa jyzam-yaragym, Zalyma gurt oynun etmeli bolar. Adam pakyr munda göçer hem gonar, Her günde müñ tay yük agar hem döner, Kimiñ çyragy öçüp, kimiñki yanar, Öçmänkä, hunaba yutmaly bolar. Zelili diyr, döwlet gitmesin goldan, Bilbil ayrylmasyn gyrmyzy gülden, İl-güne yetirse yeneki yyldan, Tomaşaly toylar tutmaly bolar.
|