Myhman Depderçämiz

Facebookda paýlaş

Eser gözle

ÇENDİ BYRADAR
Berilen Baha    (0 baha)
Näçe gezek okaldy? 166
Halanlaryň Sany 18

Yeter bolsa, yetsin başyň asmana,

Barmaryn garyňa indi, byradar;

Yelim tutmaz, gadak tutmaz, kök almaz,

Köňül bir çüyşedir, syndy, byradar.

Bir atly iberdim, iki pyyada,

“Çapayyn” diyip sen, edip sen wada,

Bir ynanjaň janym bardyr türk, sada,

Bilmenem emeli, pendi, byradar.

Diňle bu namano, yagşy gylak sal,

Ne çün hamuş etdiň eylediň mätel,

“Mazaga bolmaz” diyp, ki senden owwal,

Köňlümiň galkany kändi, byradar.

Dost ynjytmak yaman işdir jahanda,

Eger bilseň, düwün goyduň bu janda,

Magtymguly, Mämmetgurban baranda,

Ol hem yagşy wagytdy, çendi, byradar.

Zelili diyr, başdan aşadyr derdim,

Gaygy-gamdan halas bolmadym bir dem,

Bişumar, bihasap jepalar gördüm,

Maňa gahar etdi, döndi, byradar.

Ýeri : klassiklerimiz, Zelili
Şu eseri başga bir websaýtda satita et Haladym Print Et Dostyňa Iber
 

Syn ýaz


Kod
Silkele